Şanly toýuň joşguny

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Şanly toýuň joşguny ady bilen Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mähriban halkymyzyň aýdyň geljegine we her bir raýatyň ajaýyp durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň durmuşa geçirilmeginde aýratyn ornunyň bardygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şu günki bagtyýar durmuşymyzyň, nurana geljegimiziň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Eziz Watan Garaşsyzlyk toýuna barýar
BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN
Binýady berkden Watan
Bedew batly diýarym
“Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi