Bedew batly diýarym

Lebap welaýat kitaphanasynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda “Bedew batly diýarym” söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda şu ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralary, ýokary derejede geçirmek, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini wasp etmek, onuň şanyny dünýä ýaýmak boýunça dabaraly mejlisiň geçirilendigi barada bellenildi. “At agynan ýerinde toý bolar”diýlip aýdylyşy ýaly toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

Döwrebap tekçelerde ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiz baradaky eserleri gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.Ajaýyp pursatlarda döredijilikli zähmet çekmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

BEDEW BATLY, DÖREDIJILIK RUHY BILEN
Ýer ýüzünde türkmen bedewleriniň at-abraýy has-da dabaralanýar
Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy
Türkmeniň aty - çüwen bagty atly döredijilik bäsleşigi
Daşkentde Gündogaryň merjeni ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Medeniýet hepdeligi — 2026: ikinji gün