Türkmeniň aty - çüwen bagty atly döredijilik bäsleşigi

Sungat gözelligiň waspy, ajaýyp keşbidir.Sungat ussatlary mydama gözelligiň gözleginde bolýarlar.Milli Liderimiziň “Gadamy batly bedew” atly kitabynda belleýşi ýaly, taryhy ýadygärlikler türkmen bedewiniň keşbiniň örän gadymy döwürlerden bäri heýkeltaraşlaryň, küýzegärleriň, senetkärleriň, suratkeşleriň, halyçylaryň ünsüni özüne çekendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bedewe sarpaly garaýşyň halkymyzda belentdigi ýaly, sungatdaky şol ajaýyp keşpler-de heňňamlar üzre ýaşapdyr.Häzirki döwürde hem dünýäniň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini döredýärler.

Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň baş gymmatlygyna öwrüldi.Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir.Döredijilik bäsleşigine milli senenamamyzda orun alan baýramçylyklaryň biri bolan, türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi bilen bilelikde, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Şekillendiriş sungaty ugrundan okaýan talyplaryň arasynda Türkmeniň aty - çüwen bagty atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Muzeýde geçirilen bu bäsleşikde okuw mekdebiniň talyplary sungat eserlerini döretdiler.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşi tarapyndan tapawutlanan ýaşlara bolsa, mynasyp baha berlip, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Bereketli toprak gazetine täze baş redaktor bellenildi