Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň medeniýet we sungat äleminiň wekilleri 23 26-njy iýun aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde geçirilen III halkara mukam forumyna gatnaşdylar. ÝUNESKO bilen Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Yslam guramasynyň (ISESCO) howandarlygynda ýola goýlan bu giň gerimli çäre dürli ýurtlardan bolan hünärmenleri, sungat işgärlerini we ýerine ýetirijileri bir ýere jemledi.

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde bagşy Serdar Baýramow, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Spartak Atakow we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow dagy bardy.

Forumyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde sazandalar çuňňur we tehniki taýdan çylşyrymly çykyş görkezdiler.Halk aýdymlarynyň Jan-jan, Arzurum, Balsaýat, şeýle hem Garajaoglanyň sözlerine düzülen Ýar, seniň eseriniň ýerine ýetirilişi halkara emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň netijesine görä, Türkmenistanyň wekilleri ýeňijileriň arasynda bolup, hormat heýkeljigine we pul baýragyna mynasyp boldular.Forumyň konsert bölegi bilen birlikde milli sazyň ösüş mümkinçilikleri barada hünärmen maslahaty-da boldy. Çekişmelere Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, dirižýor Gadam Jumagulyýew-de gatnaşdy.

Ol mukam boýunça bilermen hökmünde çykyş edip, häzirki zaman türkmen saz sungatynyň aýratynlyklaryna we ösüş ýollaryna jikme-jik seljerme berdi.Mundan başga-da, halkara ylmy maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sazşynas Röwşen Muhammedow Gündogar mukamynyň täze ugurlary: öňden gelýän däp-dessurlar we täzelikler arasyndaky gatnaşyk mowzugynda çykyş etdi.

Foruma gatnaşmak türkmen sungat işgärlerine özleriniň ýokary derejeli hünär ussatlygyny görkezmäge we halkara medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga mümkinçilik berdi. Çäräniň guramaçylary forumyň esasy maksadynyň medeni mirasy gorap saklamaga ýardam etmek, medeniýetara gepleşigi güýçlendirmek we dünýä halklarynyň däp-dessurlarynyň dürlüligine hormat goýma ýörelgelerini ösdürmekdigini bellediler.

Türkmenistanly sungat işgärleriniň şunuň ýaly möhüm halkara meýdançadaky üstünligi dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň milli saz sungatyna, onuň özboluşly ýerine ýetirijilik mekdebine we baý ruhy mirasyna bolan uly gyzyklanmasyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Sungat ussatlarymyzyň halkara üstünligi
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi