Sungat ussatlarymyzyň halkara üstünligi

2026-njy ýylyň 23-26-njy iýuny aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Täze Namangan şäherinde dünýäniň ençeme döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen Makom sungatynyň III halkara forumynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň direktorynyň orunbasary Serdar Baýramow ýeňişli 3-nji orna mynasyp boldy.

Bu şatlykly hoş habar türkmen sungatynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.Halkara aýdym-saz forumy hem-de onuň çäklerindäki bäsleşikler we ylmy maslahat dünýäniň dürli künjeklerinden gelen sungat ussatlaryny, zehinli ýaşlary we medeniýet işgärlerini bir ýere jemledi.

Bu halkara foruma Azerbaýjan, Ýaponiýa, Türkiýe, Gazagystan, Täjigistan, Gruziýa, Mongoliýa, Hindistan, Ermenistan, Özbegistan hem-de başga-da ençeme döwletlerden ussat aýdymçylar, bagşy-sazandalar, kompozitorlar we sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Çärede halkara derejeli, tanymal we abraýly sungat ussatlary eminlik etdi.

Olar bäsleşige gatnaşyjylaryň ukybyna, ýerine ýetiriş ussatlygyna adalatly hem-de inçelik bilen ýokary ussatlyk derejesinde baha berdiler.Bäsleşik örän ýokary guramaçylykly, dabaraly geçip, her bir döwletiň milli medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredildi.

Türkmen wekiliýetiniň hatarynda zehinli aýdymçy, Türkmenistanyň halk bagşysy Nurýagdy Baýramowyň agtygy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi Serdar Baýramow özüniň üýtgeşik sesi we ýokary ýerine ýetiriş ussatlygy bilen tapawutlandy.

Ol Garaja oglanyň sözlerine Ýar seniň”, türkmen halk aýdymlary Jan-jan, Arzurym we Balsaýat ýaly meşhur hem-de özboluşly aýdymlary ýerine ýetirdi.Onuň çykyşyna Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ezber gyjakçy Spartak Atakow hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy, zehinli sazanda Döwlet Daňatarow sazandarlyk etdiler.

Forumyň çäklerinde geçirilen Gündogar makomyň täze tendensiýalary: däbiň innowasiýalar bilen arabaglanyşygy atly halkara ylmy maslahatynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, sazşynas Röwşen Muhammedow Türkmen mukamlarynyň öwreniliş derejesi diýen tema bilen çykyş etdi.

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw-hemaýatlary üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Halyça
Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi