Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy

Grafika we nakgaşlyk eserlerine bagyşlandy

Ýakynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Teatr sahna bezeginiň gözelligi diýen at bilen sergi guraldy.Oňa muzeýiň işgärleri, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.Bu ýerde halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere bagyşlanan çyzgylary, nakgaş, grafika eserleri sergilendi.

Serginiň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde teatr ulgamynyň has-da ösdürilýändigini, ýurdumyzda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallarynyň sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe toplamagyna uly ýardam edýändigini bellediler.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň Görogly, Hasan han, Annadurdy Almämmedowyň Ajaýyp tebip, Ene topragym, Aýly gijäniň garaňkylygy, Haky Allaberdiýewiň Mollanepes, Magtym Işan, Hazynalar adasy, Jadyly nagyş, Annageldi Kulyýewiň Kemine we Kazy, Magtymguly operasy, Hyjuwly ýürek, Aýna operasy ýaly birnäçe ajaýyp eserler bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Teatr sahna bezeginiň gözelligi atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalçylary belli boldy
Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy
Taryhy nagyşlarda haly waspy