Teatr sahna bezeginiň gözelligi atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň teatrlarynyň işi täze, döwrebap derejede ösdürilýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Türkmenistanda yzygiderli guralýan halkara we döwlet derejesindäki teatr festiwallary sungat işgärleriniň, şol sanda sahna bezegçileriniň tejribe alyşmagyna uly ýardam edýär.

Ynha, bu gün hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Teatr sahna bezeginiň gözelligi atly grafika we nakgaşlyk eserleriniň sergisi gurnaldy.Sergide halypa suratkeşlerimiziň sahna oýunlaryna, kinofilmlere, multfilmlere, pýesalara bagyşlanan taslamalary, nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi.

Olardan Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň Görogly, Hasan han, Annadurdy Almämmedowyň Ajaýyp tebip, Ene topragym, Aýly gijäniň garaňkylygy, Haky Allaberdiýewiň Mollanepes, Magtym Işan, Hazynalar adasy, Jadyly nagyş, Annageldi Kulyýewiň Kemine we Kazy, Magtymguly operasy, Hyjuwly ýürek, Aýna operasy ýaly birnäçe ajaýyp eserleri belläp geçmek bolar. Şeýle hem, sahna bezegi diňe bir taslama bezegi bolman, aktýoryň sahna durmuşy bilen sazlaşykly ösýän bütewilikdir. Şoňa görä-de, döwrebap türkmen teatrynda bezeg sungaty, režissýorlyk çözgüdi we aktýorlyk ussatlygy özara baglanyşykda bolup, bütewi bir ulgama öwrülýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Mary welaýatynyň teatrynyň çykyşy boldy
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň ýarym finalçylary belli boldy
Ýazyjy, şahyr, dramaturg
Taryhy nagyşlarda haly waspy