Taryhy nagyşlarda haly waspy

Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen haly sungatynyň ÝuNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp, žiwopis işleriniň we arheologiýa artefaktlarynyň sergisi açyldy.Tematiki sergi amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biriniň taryhyna ser salmaga mümkinçilik berýän raritetler kolleksiýasy bilen açylýar.

Ol bürünç eýýamyna degişli we Goňurdepeden tapylan patyşa guburynyň diwarlaryndaky dekorly panelleriň bölekleridir.Gözi bilen görenleriň aýtmagyna görä, akademik Wiktor Sarianidi bu böleklere bakandan: Edil haly göli-dä!

diýipdir.Dogrudanam, paneldäki geometrik nagyşlar haly göllerini ýada salýar.Dörtburç we gönüburç elementler mozaikasynyň arasyndaky ýerler gyzyl, ak we gara reňkler bilen doldurylypdyr.Külallaryň miladydan öňki II müňýyllykda ýasan keramika önümlerinde-de haly gölleriniň elementleri gabat gelýär.

Gadymy Änew, Namazgadepe, Altyndepe we Ulugdepe ýaly ilat ýaşan ýerlerde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan keramiki gaplaryň bölekleri serginiň arheologiýa böleginiň üstüni ýetirdi.Mälim bolşy ýaly, milli žiwopis mekdebiniň kemala gelmegi Aşgabatda Gündogar sungatynyň zarpçy mekdebiniň açylmagy bilen baglanşyklydyr, haly gölleriniň gurluş syrlaryna düşünmäge çalşan Ilýa Mazel şol mekdebiň guramaçylarynyň biridi.

Sergide onuň kitap miniatýurasy görnüşinde ýerine ýetirilen Haly ertekisi albomy goýlupdyr.Onuň mekdepdäki kärdeşi Sergeý Beglýarow Buluç tansy atly tematiki halynyň awtorydyr.GSZM-niň okuwçylarynyň biri Olga Mizgirýowa Halyçylaryň döredijiligi atly ajaýyp surat çekipdi.

Bu mekdebiň uçurymlarynyň biri Bäşim Nuraly şekillendiriş sungatynda haly nakgaşlygy ugrunyň düýbüni tutupdy.Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowanyň çeken haly eskizleriniň ençemesini döreden we özboluşly sungatyň nagyş ýörelgelerine üýtgeşik täzelikler girizen tanymal halyçy Jöwza Şahberdiýewanyň portreti serginiň beýleki bölümini dowam edýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurowyň, Kakajan Oraznepesowyň, Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Almämmedowyň, Garahan Begjanowyň suratlar tapgyry Halyçylar diýlip umumy at bilen görkezilýär.Olar sungaty we zehini bütin dünýäde ykrar edilen, döredýän ýokary çeperçilikli halylary bolsa dünýä medeni gymmatlyklarynyň hazynasynyň wajyp bölegi bolan türkmen zenanlarynyň nepis ussatlygynyň žiwopidäki waspy bolup görünýär...

Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň Bagtyýar toprakda suratynda ata-enesiniň öýünden çykýan gelniň aýak astyna haly düşelýär.Yzzat Gylyjowyň meşhur Şadyýan gün suratynda haly ýordumyň esasy bölegini tutýar.

Sergi häzirki döwrüň naýbaşy halylary -- ýurdumyzyň halk nakgaşy Ada Gutlyýewiň Rowaç we Ahal-teke bedewleri atly ýordumly halylary bilen jemlenýär, olar türkmen haly sungatynyň däpleriniň aýawly saklanylýandygyna we döwrebap çeperçilik nepis tilsimler bilen baýlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýene degişli makalalar

Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär
Çeperçilik sungaty muzeýinde Aşgabat 2017“ mowzugyna bagyşlanan sergi açyldy
Milli žiwopisiň halypalry: Bäşim Nuraly
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Sergeý Beglýarow
Paýtagtymyzyň sergi zallarynda Ýeňiş Baýramyna bagyşlanan sergiler açyldy