Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary

Olga Mizgirýowanyň Jöwza“, Dört aýal“, Türkmen gyzjagazlary“, Halynyň döreýşi“ ýaly suratlarynda Gündogar zenanlarynyň gözelligi, olaryň näzeninligi we syrly mähri ussatlarça beýan edilipdir, şol eserler suratlar bilen bezelen daş wazalar bilen birlikde Çeperçilik sungaty muzeýiniň sergisinde goýlupdyr.

Muzeýiň direktorynyň orunbasary Jennet Karanowa Olga Mizgirýowanyň döredijiligine bagyşlanan makalalarynyň birinde nakgaşyň döredijiligine baý žiwopis eserleriniň arasynda bir damja, ýöne onda-da neneňsi röwüşli damja“ diýip ýokary baha beripdi. Dogrudanam, Jöwza“ atly eserindäki ýaşajyk gözeliň näzik ýaňajygyna düşüp duran burma zülpüniň ýa-da Halynyň döreýşi“ suratyndaky hala göl salyp oturan zenan golunyň, gör, çeperden üýtgeşik, çekilşini aýtjakmy!

Olga Fominiçnanyň sungaty sosialistik realizmi ýörelgesine kybap gelmeýärdi, ol, dogrusy,bezegpisint we durmuşa söýgi döredýär. Oňa näbelet tomaşaçylar nakgaşy öz döwürdeşi, Çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplarynyň biridir öýdýär. Sebäbi Mizgirýowanyň sungatyna garrama ýok. Onuň eserleriniň 1926-1927-nji ýyllarda çekilendigini bilenlerinde weli, haýran galýarlar.

Onuň 1908-nji ýylda doglandygyny göz öňünde tutsaň, bu eserlerini bary-ýogy 18-19 ýaşynda döreden bolýar. Başga eseri ýokmyka?“-diýen sowal ýüze çykýar. Has ynandyryjylykly çaklamalaryň biri: adamsy Aleksandr Wladyçuk bilen aýrylyşandan soň ol žiwopisi taşlapdyr. Özlerini baglaşdyrýan zatlaryň baryndan el üzüpdir.

Käbirlerine şahsy durmuşynyň bozulmagy döredijiliginiň täze tapgyryna itergi berýär. Barlyşyksyz Mizgirýowa bolsa, ozalky adamsy bilen baglanşykly zatlaryň baryndan ýüz öwrüp, žiwopise galtaşmaýan durmuşa başlaýar.

Bu zenanyň durmuşy özboluşly iki tapgyrdan ybarat. Birinjisi- 1-nji Türkistan fronty Goşunynyň syýasy bölüminiň ýanynda açylan, tiz wagtdan döwrüň ruhuna laýyk Gündogaryň Zarpçy çeperçilik mekdebi diýlip mahabatly at berlen mekdepdäki okuwy bilen baglanşyklydyr.

Olga Fominiçna Daşkentde doglupdyr, soňra ata-enesi bilen Garrygala (häzirki Magtymguly) şäherçesine göçüp gelýär. Surat çekmäge zehinli gyz Aşgabatda sungat mekdebiniň açylanyny eşidenden oňa okuwa girýär.

Stroganow adyndaky ýörüte çeperçilik mekdebiniň uçurymy, zehinli nakgaş, güýçli guramaçy, türgen, oýlap tapyjy, kinorežissýor we görmegeý Aleksandr Wladyçuk şo mekdebiň müdiridi.Ol şol döwürde açylan“Türkmenfilm“ kinostudiýasynda işleýärdi, Reutowaly zenan“ atly ilkinji dokumental filmi, soňra Ak altyn“ diýen çeper filmi we Türkmenistanyň suw baýlygy“ atly ylmy- populýar filmi surata düşürýär.

Onuň çyzgysy boýunça döredilen Türkmenistan SSR-niň döwlet tugrasy we baýdagy 1993-nji ýyla çenli döwlet nyşanlary bolupdy.

1935-nji ýylda onuň döreden welosipede meňzeş rulepedlerinde höwesekler topary Aşgabatdan Moskwa çenli ýörüş edipdiler. Onsoň ýaşajyk gyz şeýle adama neneň aşyk bolmasyn...Aleksandr Wladyçuk we onuň kärdeşi, Kazimir Malewiçiň we Mark Şagalyň watany bolan Witebskide doglan Ilýa Mazel awangard ýörelgäniň tarapdarlarydy.

Olar Birinji jahan urşy ýyllary Türkestana düşüpdirler, soňra bu ýeri özüne mekan tutunypdyrlar.Tebigatyň ýowuz gözelligi we ýerli ilatyň açyklygy sungat bilimli harby gullukçylara güýçli täsir edipdir we döredijiligine ylham beripdir.

Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň mugallymlary başarnygyny we dünýägaraýşyny zehinli okuwçylaryndan gysganmadyrlar, Olga Mizgirýowa hem şolaryň biri eken.Mizgirýowanyň tegelek şekil surat çekiş tilsiminde mugallymynyň ulanan usuly bildirse-de, ony dolulygyna gaýtalamaýar--Olga Fominiçnanyň gahrymanlary zenanlar bolsa, Aleksandr Wladyçygyňky esasan erkek adamlardyr.

Ol öz mugallymyndan we söýen adamsyndan köpgatly ýordum gül röwüşlerini nepisden çeper beýan etmegi öwrenipdir.Türkmen gyzjagazlary“ suratynda gyzjagazlaryň biri çägede yhlas edip şekill çekse, beýlekisi tokarja aýajygyny öwadan ösümlikli suwa salypdyr.

Surat ýordumly hala çalym edýär, aşaky bölegindäki pyşbagajyklardyr zemzemler we ýokarky bölegindäki guşlar onuň üýtgeşik jähegi bolup görünýär.

Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň Moskwada geçirilen ilkinji sergisine syn beren tanymal tankytçy Ýa.Tugendhold ol eserlere gowşak“ diýip şeýle baha beripdi:“ Biziň gogenlerimiz“ Türkmenistanda işlänlerinde Türkmenistanyň özboluşly, dury ornamental sungatyny janlandyrjak bolýarlar...nakgaşlar köne ornamental usulyň ynkylaby mowzugyň özenine laýyk gelmeýändigine düşünmändirler“. Şeýle bolsa-da, ýüz ýyla golaý wagt geçse-de, Olga Mizgirýowanyň Gündogar zenanlaryny Gogene mahsus usulda şekillendirýän we onuň işleriniň saýry ornamental çeperçilik tilsimi bizi haýran edýär.

Dört aýal“ suratynda onuň ornamentallyga yssatlygy özüne bendi edýär, onda iň kiçi aýaly özünden uly günüsine syryny aýdýar, beýleki aýallary bolsa olaryň gürrüňini diňleýärler. Şu ýönekeý pursady anyk beýan etmek üçinem Gündogar halklarynyň edem-gylymyny gowy bilmeli.

Bu mekdebiň wekilleriniň Moskwada geçirilen ikinji sergisine gowy baha berildi.Işler özbaşdak žiwopis eserleri, eskizler, surat bezegleri, heýkeller, grafika ýaly toparlara bölünipdi. Ýa.Tugendhold Izwestiýa“ gazetiniň 1923-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda çykan sanynda sergä gowy baha beripdi. Ýöne onuň haýry bolmady, 1925-nji ýylda Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebi ýapylypdy.

Emma hut şu mekdebiň uçurymlary milli žiwopis mekdebiniň gözbaşynda durupdylar.Olaryň bir Bäşim Nuralydy, beýlekisi Sergeý Beglýarowdy.Onuň Joralar“ atly ajaýyp suratynda üç gyz üzüm ýapraklarynyň arasyndan ençeme gün şöhlejikleri geçip duran dalbaryň astynda gepe güýmenipdirler, ol Moskawadaky Gündogar Sungaty muzeýinde görkezilýär.

Golaýda paýtagtymyzyň Çeperçilik muzeýinde geçirilen tematiki sergisinde goýlan Sergeý Beglýarowyň Şaşkaçylar“ atly işi öz çeperligi we döwrebaplygy bilen tomaşaçylary geň galdyrypdy.

Şol bir wagtyň özünde ozalky Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň nakgaşlarynyň öňünde plakatda geçmişiň zyýanly galyndylaryny ýazgarmaly diýen wezipe goýlupdy.Olga Fominiçna bolsa buýruk boýunça däl-de, ýüreginiň emrine kaýyl bolup çekmegi halaýardy.Kyn ýagdaýdan çykalga tapylaýdy-akademik Nikolaý Wawilowyň toplan çigildimleriniň eskizini çekmäge golland firmasyndan uly tabşyryk geläýýär, Olga Mizgirýowa-da işe uly höwes bilen girişýär.

Ol çagalyk döwründen halan ýeri Garrygala dolanyp barýar we Bütimsoýuz ösümlikler institutynyň Türkmenistan tejribe nokadyna laborant bolup işe durýar.

Şunlukda onuň ylmy açyşlara berlen durmuşynyň ikinji tapgyry başlanýar. Olga Fominiçna erjel, erkli adamdy. Dostlarydyr kärdeşleri onuň serkede häsiýeti bar“ diýýärdiler. Seçgiçi bolup işlemäge onuň bilim ýetmänsoň Olga Fominiçna gaýybana Aşgabatdaky Oba hojalyk institutynyň agronomiýa bölümini tamamlýar.

Ol pikirdeşler toparynda işläp başlaýar. 1944-nji ýylda tejribe nokadyna ýolbaşçylyga bellenilýär we 37 ýyllap şu wezipede işleýär.Seçgi işine goşan goşandy üçin SSSR HHGS-niň altyn medallarynyň bäşisine we kümüş medallarynyň ikisine, Zähmet Gyzyl Baýdagy ordenleriniň ikisine, Hormat nyşany“ ordenleirniň ikisine, Türkmenistanyň at gazanan agronomy“ diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Ýöne onuň iň uly üstünligi-selmelegiň täze görnüşini tapmagydyr.

Oňa Köpetdagyň eteginden bu ady belli ösümligi tapmak başardýar. Şondan bäri Bütindünýä Ösümlikler sanawynda ol Mandragora turkmenica diýlip atlandyrylýar.

Olga Fominiçanyň şahsy durmuşam ýola düşýär-ol nokadyň işgärleriniň biri Nikolaý Mihaýlowiç Minakowa durmuşa çykýar, ondan ikinji gyzy dünýä inýär. Olga Mizgirýowanyň uzak ömri iki tapgyra bölünýär, ikinjisi birinjiden şowly bolýar...

1994-nji ýylda Olga Fominiçna 86 ýaşynda dünýeden gaýdýar. Onuň yzynda selmelek meýdany galdy, Sünt-Hasardag goraghanasy işleýär, Olga Mizgirýowa onuň döredilmegine işjeň gatnaşýar, Türkmenistanyň seçgi baýlygyna öwrülen üzümiň, naryň, üljäniň, pissäniň, hozuň we başga-da ençeme miweli baglaryň onlarça görnüşi saklanyp galdy.

Özboluşly ildeşimiziň uzak ýyllap ýaşan kiçeňräk öýi, şahsy goşlary we arhiwi, Olga Fominiçnanyň mynasyp bolan köpsanly sylaglary, ylmy makalalary, žiwopisçi we seçgiçi Olga Mizgirýowanyň durmuşyndan seýrek duşýan fotosuratlary saklanyp galdy.

Seýrek duşýan şeýle zatlar hem-de nakgaşyň we alymyň üýtgeşik şahsyýetine bolan gyzyklanma Olga Mizgirýowanyň öý-muzeýi açylar diýip umyt döredýär, onuň eksponatlarynyň ömrüni gözelligi çeper beýan etmäge däl-de, ony döretmäge bagş eden üýtgeşik zehinli zenanyň haýran galdyryjy ykbalyny düşündirse gerek...

Ýene degişli makalalar

Milli žiwopisiň halypalry: Bäşim Nuraly
Çeperçilik sungaty muzeýinde Aşgabat 2017“ mowzugyna bagyşlanan sergi açyldy
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Babasary Annamyradow bilen Abat Muhadowa aşgabatlylary öz toplan eserleri bilen tanyşdyrdylar
Kremle Dronly Hüjümi Ukrainanyň Guran Bolmagy Mümkin
09.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi