Kremle Dronly Hüjümi Ukrainanyň Guran Bolmagy Mümkin

Kremle Dronly Hüjümi Ukrainanyň Guran Bolmagy Mümkin

“Nýu-Ýork Taýms” gazetine beýannama beren amerikaly resmiler Amerikan howpsuzlyk gullugynyň hüjümiň kim tarapyndan guralandygyny anyk bilmeýändigini, emma onuň ukrain goşuny ýa-da gowpsuzlyk gullugyna degişli bir bölümiň Russiýadaky gizlin operasiýalaryndan biri bolup biljekdiginiň çaklanylýandygyny öňe sürdüler.

Amerikanyň howpsuzlyk gulluklarynyň dron hüjüminiň Russiýa tarapyndan ýalňyşdyrmak maskady bilen guralandygyny pikir edendigini beýan eden resmiler, soň resmi Moskwa garşy yzarlamalarda rus resmileriniň hüjüme geň galmagy we öz aralarynda Ukrainany günäkärlemegi bilen pikiriň üýtgändigini nygtadylar.

Ukraina degişli güýçleriň arasynda Russiýanyň içinde we daşynda çäkli mukdarda öz gullukçysy ýa-da daşardan işleşýän adamlar tarapyndan hüjüm gurama ukybynyň bardygyny beýan eden resmiler, Amerikan howpsuzlyk gullugynyň, rus syýasaty öwreniji Aleksandr Duginiň gyzy Dariýa Duginanyň we Donbassdaky Ukraina garşy wideo ýazgylary bilen tanalan rus bloggeri Maksim Fominiň öldürilmegi bilen Russiýa-Ukraina serhedindäki Belgorod oblastyna guralan hüjümlerden hem-de Demirgazyk Akym gaz geçirijisine guralan sabbotaždan hem Ukrainany jogapkär saýýandygyny öňe sürdi.

Resmiler Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiýniň bu wakadan öňünden habarly däldigini öňe süren bolsa, Zelenskiýniň gizlin operasiýalarynyň parametrleriniň giňdigini we bu operasiýalar boýunça karary umuman howpsuzlyk güýçleriniň garamagyna berendigini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Harkow Şäherine Guran Hüjüminde 3 Adam Ýogaldy
Zelenskiý Ukrainanyň goşunynyň ýitgilerini aýan etdi
Zaporožýe Ýadro Bekedine Hüjüm Guraldy
Russiýanyň Mart Aýynda Guran Hüjümlerinde 400 Görnüşli Raketa Ulanyldy
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýada Bolan Partlamada 1 Adam Ýogaldy