Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Sergeý Beglýarow

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde tanymal žiwopisçi Sergeý Beglýarowyň eskizleriniň we doly tamamlanmadyk işleriniň 100-e golaýy saklanylýar, ýaşap ýörenliginde şu ýylyň awgustynda onuň 120 ýaşy dolardy. Olaryň bir bölegi muzeýiň zat saklanýan jaýynda saklanylyp, olar baýramçylyk seneleri mynasybetli tematiki sergilerde goýulsa, beýleki bölegi Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi zalynda aýrylman saklanylýar.

Bu nakgaş hakynda maglumat o diýen kän däl. Sungat öwrenijileriň käbiri Sergeý Nikitowiç Beglýarowyň döredijiligini 1920-1930-njy ýyllarda Orta Aziýada kemala gelen çeperçilik akymy bolan türkistan awangardyna degişli edýärler. Sergeý Nikitowiçiň Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebinde (GZSM) döredijilikde ilkinji ädimlerini etmegi hem şeýle pikiriň döremegine belli bir derejede täsir edipdi.

Çagalykdan nakgaş bolmagy arzuw eden ýigidiň Aşgabatda GZSM-iň açylandyny we žiwopisdir sungatyň beýleki görnüşleriniň esaslaryny öwrenmäge höwesekleri kabul edýändigini eşidende nähili begenendigini göz öňüne getirip görüň. 1919-njy ýylda Sergeý Beglýarow Bakuwda şahsy studiýada surat sapagyny alýar, ýöne bir ýyldan ata-enesi bilen Aşgabada göçüp gelenlerinden soň, okuwyny dowam edip bilmändi.

Aýnalary tegelek äýnekli ýetginjek tolguna-tolguna bu mekdebiň bosagasyndan ätlände bu uly jaýdaky myhmansöýer we ýönekeý ýagdaýa juda geň galan bolsa gerek, bu ýere çeperçilik zehini dürli-dürli ýaşlar ýygnanypdy.

Mekdebi ykbalyň emri bilen Türkmenistana gудen höwesekleriň ikisi Aleksandr Wladyçuk hem-de Ilýa (Ruwim) Mazel döredipdiler. Wladyçuk we Mazel ýewropa bilimli, sungatda täze ugurlara höwesek žiwopisçilerdi. Olaryň awngardizme ýykgyn etmegi soňy bilen mekdebiň ýapylmagyna уыфын sebäp bolupdy.

GZSM kän işläp bilmändi, şonda-da onuň bitiren hyzmaty uludy mekdep millli şekillendiriş sungatynyň düýbüni tutupdy we türkmen nakgaşlarynyň ilkinji nesilini kemala getiripdi.Sergeý Beglýarow, belki, şol mekdebiňiň has zehinli okuwçylarynyň biri bolsa gerek.

Dogrusy, oňa okuwçy diýmäge diliňem baranok.Sergeý Beglýarowyň doga nakgaş bolandygyny bellemek gerek.Aslynda oňa okamagam gerek däldi, ol hut özüne mahsus tilsimli we ýörelgeli ylahy ylhamly nakgaşdy.

Muny dessine aňan Ilýa Mazel oňa çyzuwdan we surat çekmekden sapak bermegi tabşyrýar.Netijede GZSM-e okuwa gelen Beglýarow mugallym bolup galyberýär.Ol esgerleriň ýatak jaýlarynyň diwarlarynyň we obkom partiýanyň jaýlarynyň surat bezeginde Ilýa Mazeliň ýakyn kömekçisi bolupdy.

Bu Türkmenistanda monumental-dekoratiw sungatyň kemala gelmegindäki ilkinji ädimlerdi, ýöne gynansagam, ol 60-njy ýyllara çenli dowam etdirilmändi.Indi welin paýtagtymyzyň binalaryna bezeg berip duran mozaikaly pannolar seýrek däl.

Emma geçen asyryň 20-nji ýyllarynda diwarlary suratly binalar seýrek duşýardy.

Sergeý Beglýarowyň ilkinji suratlarynda modernizm elementleri duýulýardy.Mysal üçin, onuň “Gurban etme” işinde GZSM-däki döredijilik ruhuna muwapyk simwolizm bilen impressionizm sazlaşykly utgaşypdyr.Beglýarowa bir akymyň çägi darlyk edýärdi, ol ideýalary garyşdyryp-utgaşdyryp öz awtorlyk ýoluny gözleýärdi.

Ol 1923-nji ýylda nusgawy usulda çekilen “Tüýdükçi” eserini döredýär.Suratyň çeper palitrasy ýordumy bilen şeýle bir sazlaşykly welin, ondan tüýdügiň owazy gelip duran ýaly bolup dur.Beglýarowyň ilkinji eserlerinde eýýäm ussada mahsus emel duýulýardy.

Sergeý Beglýarowyň irki suratlarynyň biri-de “Awtoportret” eseridi. Nakgaş birnäçe gezek bu žanra ýüzlenýär, ýöne olardan iň gowusy ilkinji işidir: ondaky düşünjesi ýetik bilesigeliji nazary, joşguny, ynamlylygy we döwrüniň ruhuny ussatlarça beýan edişi bilen tomaşaçynyň ünsüni uzak wagtlap özüne çekýär.

Şol döwre degişli işlerinden ýene biri “Aýalymyň portreti” işinde Sergeý Nikitowiç GZSM-iň uçurymy Ýelizaweta Skoblinany şekillendiripdir. Gynanasagam, onuň suratlaryny we nakgaş hökmünde ol barada maglumat tapmak bize başartmady.

GZSM-iň ýapylmagy ýaş žiwopisçileriň ählisine ýaramaz täsir edipdi.Sergeý Nikitowiç Ýerewanyň çeperçilik-senagat tehnikumyna okuwa girmek üçin Ermenistana gidýär, ol ýerde belli portretçi-žiwopisçi Stepan Agajanýandan sapak alýar. 1927-nji ýylda tehnikumy tamamlandan soň Aşgabada gaýdyp gelýär hem-de kän wagt geçmänkä “Şaşka oýny” atly, belki-de, iň güýçli işleriniň birini döredýär.

Sergeý Nikitowiç onda ýokarsyndan çekilýän rakursy ulanyp, üýtgeşik netije gazanýar.

Beglýarow natýurmort žanrynda-da güýjüni synap görýär. Özem nakgaşlaryň aglabasynyň çekýän üzümdir, şetdaly we gawunyny däl-de, ... badamjan çekýär. Onuň şeýtmegine, belki, ýene täzeçillik, üýtgeşiklik goldanylýan GZSM-iň täsiri bolan bolsa gerek. Nakgaş bişen benewşe gök önümi şeýle bir takyk çekipdir welin, bu iş žiwopisde realizmiň gözel nusgasy bolup galdy.

“Patefonuň daşynda” suraty hem Beglýarowyň meşhur suratlarynyň biridir. Tehniki täzelikleri joşgunly kabul etmegem GZSM-iň ruhuna mahsus ýagdaýdy. Aleksandr Wladyçugyň weolsipede meňzeş rulepedi oýlap tapandygny ýatladasymyz gelýär. Suratda üç ýigdekçe ilkinji gezek patefony işledip görýärler, olar jansyz iki zadyň bir-birine galtaşmagyndan döreýän saza ynanybilmän, bagt ummanyna çümüp durlar.

“Futbolçylar” suraty türgenleriň pökgi ugrunda dartgynyly göreşýän pursadyny görkezýär. Beglýarowyň suratlarynyň köpüsi ýaly, döredilenine 80 ýyl geçendigine garamazdan oňa döwürdeş awtoryň işidir öýdýärsiň. Onda häzirkizaman suratlaryndaky ýaly hyjuw hem-de türgenleriň gujurly ýaş bedenleri şekillendirilen, ýöne olaryň aýagynda tozup giden kedalar, sport eşigine derek işdan çekilipdir.

30-njy ýyllarda Beglýarowyň guramaçylyk ukyby ýüze çykýar. Ol Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşmesini döretmek başlangyjy bilen çykyş edenleriň biridi, onuň hataryna žiwopisçileriň 20-si girdi, olaryň aglabasy GZSM-de bilim alanlardy. 1929-njy ýylda Beglýarowyň başlangyjy bilen Aşgabadyň sazçylyk tehnikumynda çeperçilik bölümi açylypdy, 1931-nji ýylda Sergeý Nikitowiç oňa ýolbaşçylyk edipdi.

Sergeý Beglýarow öz ýaşaýan döwrüni gowy bilýärdi. Onuň özem şol döwrüň bir bölejigidi, şonuň üçinem şol wagtyň şanly wakalaryna dessine eserleri bilen seslenýärdi. Meselem, “Garagumdan atly ýörüş” atly köpşekilli stanok suraty hem şonuň netijesinde döräpdi. Nakgaş çöl üstünden geçen merdanalaryň gaýduwsyzlygyna haýran galýar. Beglýarowyň özem hyjuwly romantikdi, gahrymançylykly zatlaryň ählisi onuň ünsüni çekýärdi.

1939-njy ýylda Sergeý Beglýarow “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada eýe bolýar.

1941-nji ýylda Sergeý Nikitowiç insult geçirip, iki ýyllap döredijilik bilen meşgullanyp bilmeýär. Özüni tutandan soň “TürkmenTAG-yň penjiresi” atly faşizme garşy plakatlary döretmäge işjeň gatnaşýar. 1943-1944-nji ýyllarda Sergeý Beglýarow Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň başlyklygyna saýlanylýar. Şol döwürde ol “Atlaryň fronta tabşyrylyşy” atly köpşekilli stanok suratyny çekýär, onda Ýeňşiň hatyrasyna iň gymmat zadyndan geçýän adamlaryň watanperwerlik edermenligi wasp edilýär.

“Buluç tansy” gobelen-pannosy uruşan soňky ýyllarda Beglýarowyň eskizleri boýunça dokalypdyr. Sergeý Nikitowiçiň bu eseri Şekillendiriş sungaty muzeýinde hemişelik goýlupdyr.

Sergeý Nikitowiç ýogalanda bary-ýogy 50 ýaşyndady.Onuň ölmezinden öňki bolan elhenç Aşgabat ýer titremesinde muzeý weýran bolupdy, şonuň bilen birlikde Sergeý Beglýarowyň suratlarynyň ençemesi zaýalanypdy.Ol ýok bolup giden eserlerinden ýarym ýyl artyk ýaşapdy 1949-njy ýylyň 14-nji aprelinde nakgaş aradan çykypdy.

Nakgaşlar ölmeýärler, olar awtoryň hyjuwyny, köňül joşgunyny we zehinini beýan edýän işlerinde, ýakynlarynyň, dost-ýarlarynyň we döredijiligine muşdaklaryň ýatlamasynda ýaşaýarlar.Döredijiligi sungaty öwrenijileriň we žiwopise ýaňy gadan basanlaryň ünsüni çekýän döwri olar diridirler.

Sergeý Beglýarowyň eserleri döwrebap bolup galdy, bu hem olaryň esasy saýrylygydyr.Onsoňam, olar Ýewgeniýa Adamowanyň suratlary ýaly milli ruhda çekilen, şol işler awtoryň milli aýratynlyklary dürli reňklerde göwrümleýin manzarlarda berip bilendikleri bilen haýran galdyrýarlar.

Mundan gaýry-da, Sergeý Beglýarowyň şahsyýeti milli žiwopis mekdebiniň kemala gelmeginde şanly tapgyr bilen utgaşýan Aleksandr Wladyçygyň we Ilýa Mazeliň atlary türkmen medeniýetiniň taryhynda şanly yz galdyran Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň işi bilen baglylykda hemişelik hakydamyzda galar.

Ýene degişli makalalar

Çeperçilik sungaty muzeýinde Aşgabat 2017“ mowzugyna bagyşlanan sergi açyldy
Olga Mizgirýowa: döredijilik we ykbal syrlary
Milli žiwopisiň halypalry: Bäşim Nuraly
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gurnan sergisi haly dokamagyň taryhy we däpleri barada gürrüň berýär
Paýtagtymyzyň sergi zallarynda Ýeňiş Baýramyna bagyşlanan sergiler açyldy