ZEMINIŇ ÝARAŞYGY MÄHREM ENELER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Zeminiň ýaraşygy mährem eneler ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler zenan - zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasy, ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenan bolup, zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşymyzy gözelleşdirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşgünine beslenmeginde zenanlarymyzyň mynasyp paýynyň bardygy barada çykyş etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet kalplary ýakynlaşdyrýan gymmatlyk
2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
Gül Zemin SDAM-daky Soltan restorany — maşgala dynç alşy üçin ajaýyp ýer
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Marsda ýaşamaga ukyply jandarlar agzaldy
Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi