Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi

Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi

Türkmenistanyň Aýdyň Gijeler hojalyk jemgyýeti öndürýän telewizorlarynyň önümçiliginiň ýyllyk sanyny 100 müňe ýetirdi. Bu barada kärhananyň taslama bölüminiň ýolbaşçysy Wladislaw Admakin SNG.Today internet neşirine gürrüň berdi.

Türkmenistanda öňdebaryjy elektronika öndürijisi 2020-nji ýyldan bäri 32, 42, 55 we 65 dýuým diagonally telewizorlary öndürýär.

Kärhananyň ýokary hili we elýeterli bahalary bilen ýurtda giň meşhurlyga eýe bolan telewizorlary Tolkun, Zemin hem-de Älem haryt nyşanlary bilen alyjylara ýetirilýär.

Şeýle hem, Admakin Aýdyň Gijeleriň häzirki wagtda 20 görnüşli elektron enjamlar öndürilýän 7 sany önümçilik meýdançasynyň bardygyny aýtdy. Kärhana öndürýän enjamlarynyň görnüşlerini geljekde has-da artdyrmagy maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy
Dünýä sportunyň ýyldyzlary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary
19.09.2017 | Dünýä sportunyň ýyldyzlary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary
Aşgabatda Aziadanyň ýalkymy
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY
Türkmenistan buzdaky hokkeýiň Halkara federasiýasyna girdi