Garaşylýan filmiň görkeziljek wagty mälim edildi

“La La Land” filmi bilen adygan oskarly ýaş režissýor Damien Şazelliň täze kinosynyň kastingi tamamlanyp barýar we filmiň haçan ekranlara çykaryljakdygy mälim edildi.Filmde baş keşbi oskarly aktýor Bred Pitt janlandyrar. “Babylon” atly bu kinoda Pittden başga Tobi Maguaýr, Li Jun Li, Margo Robbi ýaly belli artistler hem dürli keşplerde çykyş ederler.

Margo Robbiniň belli aktrisa Emma Stounyň ornuna geçendigini belläliň.Golaýda filmiň 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda kinoteatrlarda görkezilip başlanjakdygy habar berildi.Eýýämden ady Oskar ugrunda agzalýan filmiň ssenarisini režissýoryň özi ýazar.

The post Garaşylýan filmiň görkeziljek wagty mälim edildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Görkeziljek wagty mälim edildi
GDA-nyň teatr festiwaly Özbegistanda geçiriler
Boliwiýa soňky 50 ýyldaky iň güýçli ýagyşlary başdan geçirdi
Türkmenler Orsýetde öldürilen Kobiljonyň ölümine gynanç bildirýärler, milletçiligi ýazgarýarlar
Bütindünýä basketbol güni