Görkeziljek wagty mälim edildi

La La Land filmi bilen adygan oskarly ýaş režissýor Damien Şazelliň täze kinosynyň kastingi tamamlanyp barýar.Golaýda filmiň haçan ekranlara çykaryljakdygy mälim edildi.Filmde baş keşbi oskarly aktýor Bred Pitt janlandyrar.

Babylon atly bu kinoda Pittden başga Tobi Maguaýr, Li Jun Li, Margo Robbi ýaly belli artistler hem dürli keşplerde çykyş ederler.Margo Robbiniň belli aktrisa Emma Stounyň ornuna sanawa goşulandygyny belläliň.

Köpleriň eýýämden sabyrsyzlyk bilen garaşýan filminiň 2023-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndan kinoteatrlarda görkezilip başlanjakdygy habar berildi.Eýýämden ady Oskar ugrunda agzalýan filmiň ssenarisini režissýoryň özi ýazar.

The post Görkeziljek wagty mälim edildi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Tobi Maguaýr “Wawilon” filminde Çarli Çapliniň keşbini janlandyrar
Garaşylýan filmiň görkeziljek wagty mälim edildi
GDA-nyň teatr festiwaly Özbegistanda geçiriler
Boliwiýa soňky 50 ýyldaky iň güýçli ýagyşlary başdan geçirdi
Türkmenler Orsýetde öldürilen Kobiljonyň ölümine gynanç bildirýärler, milletçiligi ýazgarýarlar
Bütindünýä basketbol güni