Gargalar nirä barýar?!

Howanyň sowamagy bilen duş gelýän hadysalaryň biri hem garga sürüleriniň uçup gelmegidir. Dünýäniň iň akylly guşy hasaplanýan gargalar, eýsem, nireden gelip, nirä barýarlar?

Gargalar akyllylygy, çalt uýgunlaşmagy we şar gara reňki bilen tapawutlanýar.Sowuk howany gowy görýän bu guşlar dünýäniň ähli sebitinde duş gelýär.Gargalar howanyň gyzmagy bilen bölek-bölek topar gurap, sowuk ýurtlara tarap uçup gidýärler.

Käbir toparlar bolsa öz mekanynda hemişelik ýaşaýar.Beýleki guşlar gyş paslyny geçirmek üçin ýyly ýurtlara uçup gidýän bolsa, gargalar munuň tersine.Gyzykly tarapy hem bu guşlar köpelmek üçin sowuk ýerlere gidýärler.

Gargalaryň syýahaty howanyň sowuklygyna bagly bolup, uzak dowam etmeýär. Ýer ýüzünde gargalaryň amerikan gargasy, flores gargasy, käşirçi garga, balykçy garga, alagarga ýaly 40 töweregi görnüşi ýaşaýar.Gargalaryň ähli görnüşi göçüp-gonup bilmeýär.

Esasan hem, Afrikada we Aziýada duş gelýän gargalar öýüni taşlap gitmeýärler.Amerikan gargasy we ýewropaly alagarga ähli ýurdy aýlanýan esasy syýahatçylar hasaplanýar.Gargalar gyşlamak üçin ýer saýlamaýarlar.

Süri-süri bolup uçup baryşlaryna haýsy ýer sowuk, nirede gar bolsa, şol ýerde hem düşleýärler.Howa maýlap başlansoň, sowuk ülkelere tarap ýoluny dowam edýärler.Amerikadan ýa-da Ýewropadan gaýdan gargalar sowuk ýurtlara bir ýyllap syýahat edip, ýene-de öz ýurduna dolanyp barýarlar.

Bu guşlaryň ýatkeşligi güýçli bolup, gyşlaýan ýerini, göçüp-gonan sebitlerini hemişelik ýatda saklaýarlar.Gargalaryň azaşmak howpy ýokdugy sebäpli, ýekelikde hem uçup gidiberýärler.

Gargalar üşemeýärmi?

Gargalar sowukdan goranmak üçin dürli usullary ulanýarlar. Esasan hem, aňzakly gijelerde bu guşlar agaçlaryň şahalarynda hatar bolup, dykylyşyp ýatýarlar. Bu ýagdaý gargalaryň ýylylygy saklamagyna kömek edýär. Gargalaryň agramynyň 10 göterimden gowragyny ýag gatlagy emele getirýär. Ýag gatlagy aşa sowugy saklap, gyzgynlygy üpjün edýär.

Gargalar sowukda näme iýýärler?

Iýmitlenmek üçin dürli usullary ulanýan gargalar gyşky ekinlere (käşir, kelem, turp) zyýan berip biler. Ýöne bu guşlar, esasan, mör-möjekleri iýip, zyýan berijileriň köpelmeginiň öňüni alýarlar. Käbir sowuk ýurtlarda zibilleri arassalamakda gargalaryň peýdasy uly.

Gargalar maşgala bolup ýaşaýarlar.Agaçlaryň barmasy kyn ýerinde höwürtge gurup, 4-5 ýumurtga goýýarlar.Ekleýji gargalar jüýjelerini 60 güne çenli iýmitlendirýärler.Gargalar tebigy gurşawa baglylykda 20 ýyla çenli ýaşaýarlar.

Tebigaty öwrenijileriň bellemegine görä, gargalar ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hataryna girmeýär.Gargalara dünýäniň ähli ýerinde duş gelmek bolýar.Muňa garamazdan Gawaý gargasynyň ýitip gidendigi, flores gargasynyň sanynyň azalýandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Tebigaty goraýjylar Darwiniň yzy boýunça syýahata ugradylar
Ýurda aralaşan sowuk howa akymy golaýda ekilen ýazlyk ýeralmalaryna zyýan ýetirdi
Azatlyk - türkmenleriň 'öz sesi' 70 ýaşady
Eyyam Group HK polatdan tekje ulgamlaryny öndürýär
Garagumyň obalarynda uzakly gün ýagan ýagyş elektrigiň kesilmegine, köçelerde batgalyklaryň döremegine getirdi