Garibabadi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar

Garibabadi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary öz habarynda Braziliýanyň Tährandaky ilçisi bilen duşuşygyny yglan etdi we Tähran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary "Kazem Garibabadi" sosial ulgamynda X-da şeýle ýazdy: Men ýekşenbe güni Braziliýanyň ilçisi bilen duşuşdym we bu duşuşykda Eýran bilen Braziliýanyň ikitaraplaýyn we halkara meseleleri boýunça hyzmatdaşlyk ugurlary ýaly giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we pikir alyşyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň hukuk we halkara işleri boýunça orunbasary şeýle hem sözüni dowam etdi: Eýran bilen Braziliýanyň gatnaşyklarynyň giňelmegi üçin uly mümkinçilikleri bar, bu bolsa iki ýurduň degişli resmileriniň gözegçiligi bilen amala aşyrylar.

Ýene degişli makalalar

“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Tramp: Eýran gämileri nyşana almaga dowam eden halatyna jerimesi agyr bolar
Eýran: Sebitiň howpsuzlygy, ABŞ-nyň bu ýerden çekilmegi bilen üpjün edilip bilner
Gruziýanyň täze bellenen ilçisi bilen duşuşyk
Şu ýyl Nobeliň edebiýat baýragyny kim alar?
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gruziýada Saparda Bolýar