Palestinanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Rafah gümrük geçelgesinden gabaw astyndaky Gaza Sektoruna ýene-de 47 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň barandygyny habar berdi.
Mesele hakynda berilen ýazmaça beýannamada toparlaryň Müsüriň Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan ugradylan 47 konteýnerlik ynsanperwer kömegini Rafah gümrük geçelgesinde kabul edip alandygy mälim edildi.
Sebite häzirki wagta çenli 421 ynsanperwer kömek konteýneriniň baradygy mälim edilip, ýangyjyň geçirilmegine rugsat berilmändigi beýan edildi.
Ysraýylyň Gaza Sektoruna başladan hüjüminden 2 hepde soň Rafah gümrük geçelgesinden ilkinji gezek 21-nji oktýabrda esasy bölegi lukmançylyk enjamlaryndan we azyk önümlerinden ybarat bolan 20 konteýnerlik ilkinji kömek kerweni sebite barypdy.