Gaza Ysraýylyň elinde bolan 54 palestinliniň jesedini we galyndylaryny kabul edip aldy

Gaza Ysraýylyň elinde bolan 54 palestinliniň jesedini we galyndylaryny kabul edip aldy

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýyl tarapyndan berlen 54 palestinliniň jesedi bilen galyndylarynyň onlarça gutuda Halkara Gyzylhaç komiteti tarapyndan Gaza getirlendigini mälin etdi.

Saglygy goraýyş ministrliginden çarşenbe güni berlen beýannamada 54 jesediň 66 gutudaky galyndylaryň Halkara Gyzylhaç komiteti tarapyndan kazyýet lukmançylygy boýunça derňewler üçin Al Şifa lukmançylyk desgasyna getirlendigi bellenildi.

Lukmanlar, kazyýet lukmançylygy boýunça derňewler üçin jesetleri we galyndylaryny derňemäge başlady.

Jesetlerde we galyndylarda deňeşli derňewleriň geçirilmeginden soň maşgalalaryň jesetlerini kesgitlemegine rugsat berler.

Wanýar aýynda ABŞ tarapyndan yglan edilen ylalaşyk, Ysraýylyň Gazadan çekilmegini we sebitde gaýtadan dikeldiş işleriniň başladylmagyny göz öňünde tutýar.

BMG sebitiň gaýtadan dikeldiş işleriniň gymmatynyň 70 milliard dollara barabar bolmagyna garaşýar.

ABŞ-nyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga garamazdan çarşenbe güni ir ertir Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde zenanlar we çagalar bilen birlikde 21 palestinli ýogaldy. Köp sanly palestinli hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümlerinde 3 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Türkiýe Ysraýylyň garşylygyna garamazdan Gaza esger ugratmaga taýar
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýyl ylalaşyga garamazan Gaza guraýan howa hüjümlerini dowam etdirýär
Ysraýyl ýene-de dört palestinalyny öldürdi