Gazada 24 Sagadyň Dowamynda Ýogalanlaryň Sany Müň adama Ýetdi

Gazada 24 Sagadyň Dowamynda Ýogalanlaryň Sany Müň adama Ýetdi

Ysraýylyň Cibaliýa bosgun düşelgesine 24 sagadyň dowamynda guran ikinci hücüminde ölenleriň, ýaralananlaryň we dereksiz ýitenleriň sanynyn müňe ýetendigi habar berildi.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gazanyň Nasr etrapçasyndaky Al Şark atly çörek zawoduny bombalamagy neticesinde çörek almak üçin garaşyp duran 20 adam ýogaldy.

Beýleki tarapdan Ýemende käbir etraplarda dolanşygy elinde saklaýan husiler, köp sanly uçarmansyz howa ulagyny Ysraýyldaky nyşanalara atandyklaryny habar berdi.

Husileriň harby wekili Ýahýa Seri Gaza guralýan Ysraýylyň hücümleri bes edilýänçä “harby operasiýalaryň dowam etcekdigini” aýtdy.

Liwandaky Hizbullah bolsa Ysraýyla degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigini habar berdi.

Hamasyň ýaragly bölümi Kassam brigadalary Gazadaky daşary ýurtly ýesirleriň käbirlerini boşatcakdygyny habar berdi.

Ysraýylyň resmileri Gazadan guralan hücümlerde 315 sansy esger, 1400-den gowrak ysraýyllygynyň ölendigini, 5,132 sanysynyň ýaralanandygyny beýan etdi.

Ysraýylyň goşunlarynyň metbugat sekretary Daniel Hagari Gazada Kassam brigadalarynyň elinde 240 ysraýylly ýesiriň bardygyny aýtdy.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi bolsa Ysraýylyň hücümlerinde 3,648 sanysy çaga, 2,290 sanysy zenan cemi 8,796 palestinalynyň ölendigini, 22,219 sanysynyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Husiler, Britaniýanyň Nebit Gämisini Nyşana Aldy
Husiler: "Gyzyl deňizde ABŞ-na degişli bir gämä hüjüm guradyk" diýdi
Husiler, Gyzyl Deňizde Amerikan Gämilerini Nyşana Almaga Dowam Edýär
Husiler Aden aýlagynda ABŞ-na degişli gämini nyşana aldy
Husiler, ABŞ-na Degişli Harby Gämini Nyşana Aldy
2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler