“Gazada Şehit Edilen Her 3 Adamdan 2-si Çagalardan, Bäbeklerden we Zenanlardan Ybarat”

“Gazada Şehit Edilen Her 3 Adamdan 2-si Çagalardan, Bäbeklerden we Zenanlardan Ybarat”

Prezident R. T. Erdogan, Gazadaky asuda ilatyň ýogalmagyna dymmak bilen syn edýänleriň, hatda Hamas banahasy bilen şol wakalary legallaşdyrmaga çalyşýanlaryň aýdara ýekeje sözüniň hem galmandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan, Stambul Kongres merkezinde geçirilýän Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň hemişelik komitedi ISEDAK-yň ministrler derejesinde geçirlen 39-njy maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde, Gazada Ysraýylyň hüjümlerinde şehit edilen her 3 adamdan 2-niniň çagalardan, bäbeklerden we zenanlardan ybaratdygyny nygtap, “Asuda ilatyň ýogalmagyna dymmak bilen syn edýänleriň, hatda Hamas banahasy bilen şol wakalary legallaşdyrmaga çalyşýanlaryň aýdara ýekeje sözüniň hem galmandy” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Günbatarly Ýolbaşçylaryň Ikiýüzli Syýasat Alyp Barýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan: "Türkiye Ysraýyla garşy gozgalan genosid bilen bagly kazyýet işine goşular" diýdi