Gazadan häzirki wagta çenli jemi 1047 türk raýat ewakuasiýa edildi

Gazadan häzirki wagta çenli jemi 1047 türk raýat ewakuasiýa edildi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Önjü Keçeli X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "8-nji oktýabrdan bäri 1047 türk raýaty, DKTR-nyň raýatlary we olaryň maşgalalary Gazadan ewakuasiýa edildi.

Ewakuasiýa edilenler Gazadaky gümrük geçelgesiniň Müsür tarapynda diplomatlarymyz tarapyndan garşylanýar, ilki bilen gara ýol arkaly Kair şäherine, ol ýerden bolsa howa ýollary arkaly Stambula gelmekleri ýola goýulýar" diýip habar berdi.

Önjü Keçeli ewakuasiýa üçin garaşýan raýatlaryň sanawynyň dowamly häsýetde täzelenenýändigini, Gazadaky türk raýatlaryň ählisiniň ewakuasiýasy üçin howpsuz ýagdaýda we iň gysga wagtda tamamlanmagyny maksat edinýändiklerini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk Raýatlarynyň Gazadan Ewakuasiýasy Dowam Edýär
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Höwesjeňler dünýäde iň uly noutbuk döretdiler
Ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 24 müň 617 adama ýetdi
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri