Gazagystan bilen Özbegistanyň käbir nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň işi togtadyldy

Gazagystan bilen Özbegistanyň käbir nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň işi togtadyldy

Sişenbe güni elektrik togunyň kesilmegi Özbegistanyň we Gazagystanyň birnäçe nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň işiniň togtadylmagyna sebäp boldy. Bu barada “Argus Media” baha kesgitleýji gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi elektrik ulgamynyň näsazlygy sebäpli, Özbegistanyň nebit, gaz hem-de nebithimiýa pudaklarynyň ähli kärhanalary, şol sanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlary işini togtatdylar diýip, “Argus Media” pudakdaky çeşmä salgylanyp, belledi.

Özbegistanyň Fergana we Buhara nebiti gaýtadan işleýän zawodlary bar bolup, olaryň ikisiniň ýyllyk kuwwaty 10-11 million tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu zawodlar Özbekneftegaz döwlet kompaniýasyna degişlidir.

“Elektrik üpjünçiligi dikeldilenden soň, nebit we gaz gaýtadan işleýiş bölümleriniň hem-de zawodlarda bar bolan tehnologik bölümleriň tapgyrlaýyn işe girizilmegi boýunça işler dowam etdirilýär. Hususan-da, Mubarek gazy gaýtadan işleýän zawodynyň, Şurtan gaz himiýa toplumynyň we Buhara nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işleri täzeden dikeldildi” diýip, Özbekneftegaz çarşenbe güni aýtdy.

Gazagystandaky ýyllyk önümçilik kuwwaty 6 million tonna barabar bolan “Şymkent” nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň eýesi “PetroKazakhstan” bu zawodyň ähli tehnologiki işleriniň togtadylandygyny belläp, olaryň kem-kemden işe başlajakdygyny aýtdy.

Gyrgyzystanda hem elektrik togy kesildi, ýöne bu ýurtda senagat desgalarynyň işiniň togtadylandygy barada habar berilmedi diýip, “Argus Media” mälim etdi.

Gazagystanyň elektrik tok operatory bolan KEGOC-yň aýtmagyna görä, ýurduň günortasyndaky esasy elektrik liniýasynyň ulgamdan kesilmegi elektrik togunyň öçürilmegine sebäp boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üçüsiniň elektrik ulgamlarynyň biri-birine bagly bolanlygy sebäpli bu näsazlyk Özbegistana we Gyrgyzystana hem täsir etdi.

Ýene degişli makalalar

Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
Ok-däri üçin pagta: Merkezi Aziýa Kremliň harby maksatlary üçin çig mallary nädip üpjün edýär
Zaki Walidi Togan
Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine täzeden saýlandy
Тürkmen toparlary 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän tennis boýunça Merkezi Aziýanyň saýlama ýaryşyna ýeňiş bilen başladylar
Mewlüt Çawuşoglu Özbegistanda Saparda Boldy
Birleşen Arap Emirlikleri Aşraf Ganini we onuň maşgalasyny kabul etdi