Gazagystan BTJ Turba Geçirijisi Arkaly Aprel Aýynda 125 Müň Tonna Nebit Akdyrar

Gazagystan BTJ Turba Geçirijisi Arkaly Aprel Aýynda 125 Müň Tonna Nebit Akdyrar

Gazagystan, aprel aýynda Baku-Tiblisi-Jeýhan turba geçirijisi arkaly 125 müň tonna nebit akdyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystanyň Milli nebit firmasy KazTransOil tarapyndan berlen beýannamada BTJ turba geçirijisine daşalmagy üçin ýurduň Tengiz nebit giňişliginden 10 müň tonna golaý nebitiň Hazar deňiziniň kenaryndaky Aktau portundan Azerbaýjanyň Prezident Heýdar Aliýew tankerine ýüklenendigi nygtaldy.

Beýannamada, üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli ýene-de 10 müň tonna gazak nebitiniň şol geçirijä daşaljakdygy ýatladylyp “2023-nji ýylyň aprel aýynda BTJ turba geçirijisi arkaly 125 tonna nebitiň akdyrylmagy meýilleşdirilýär” diýildi.

Azerbaýjanyň nebit firmasy SOKAR, gazak nebitiniň birinji böleginiň 23-nji martda tankerler bilen Aktau portundan Sangaçal terminalyna getirlendigini mälim edipdi.

Beýannamada, SOKAR bilen Gazagystanyň KazMunaýGaz firmasynyn arasynda ýylda 1,5 million tonna nebitiň daşalmagy üçin şertnama baglaşylandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Gazak Nebiti Baku-Tiblisi-Jeýan Geçirijisi Arkaly Akdyrylmaga Başlandy
Gyrgyzystanly Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Gazagystan halkara telefon aragatnaşygynyň açaryny üýtgeder
Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar
Happy Childhood
Indoneziýadaky sil apatynda we ýer süýşgünlerinde ýogalýan adamlaryň sany artýar