Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk

Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk

2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başyny "Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy açdy we ol Türkmenistanyň ulag pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri, Türkmenistanda gurlan ulag infrastrukturasy, 2018-nji ýylda açylan we ähli görnüşli ýükleri kabul edip bilýän halkara deňiz porty, serhetdäki Etrek beketinde geçiş nokadyny döretmek mümkinçiligi barada çykyş etdi.

Ondan soň, “Казахстан темир жолы - milli kompaniýasy” paýdarlar jemgyýetiniň logistika boýunça başlygynyň orunbasary Pawel Wladimirowiç Sokolowa söz berildi.Ol “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyndan türkmen demirýolçularyna salam aýtdy, hem-de Gazagystanyň demir ýolunda alnyp barylýan işler barada gysgaça beýan etdi. Öz çykyşynda Pawel Sokolow bütin dünýäde ýaýran ýiti öýken sowuklama pandemiýasy bilen bagly girizilen çäklendirmeler sebäpli, demir ýol pudagynda halkara üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberiniň artandygy we Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan Gazagystanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna barýan ýük gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmak we ýük daşaýjylary çekmek üçin nyrhlarynyň peseldilmegi barada aýtdy.

Taraplar ägirt uly ähmiýete eýe bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) demir ýol ugruny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýagny olar Halkara ugur boýunça ýük daşamaklarynyň möçberini artdyrmak üçin ulag infrastrukturasynyň we demir ýol edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän ýokary hilli hyzmatlaryň we şertleriň bardygyny bellediler.

"Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Eýran Yslam Respublikasyna harytlar daşalandan soň, yzyna dolanýan köp sanly boş wagonlary Türkmenistanyň polipropilen, nebit önümleri we dokma önümleri bilen dolduryp, sebitiň döwletlerine eksport etmekde uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şeýle hem Taraplar Owganystanda häzirki wagtda, türkmen demirýolçularynyň tagallalary bilen gurulýan we ýakyn gelejekde ulanyşa beriljek Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny aýtdy.

"Türkmendemirýollary" agentliginiň başlygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan halkara derejesindäki dünýä ähmiýetli daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, goňşy döwletimiz bolan Owganystanyň ykdysadyýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, diňe bir Gazagystan-Türkmenistan-Eýran (KTI) däl-de, eýsem köp ilatly ýer bolan Owganystanyň hem demir ýol pudagynda ýük gatnawlaryny ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki demir ýol edaralarynyň hünärmenleriniň arasynda nyrhlary peseltmek meselesine yzygiderli garajakdyklaryny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Respublikasynyň “Казахстан темир жолы” milli kompaniýasy bilen duşuşyk
Türkmenistan nobatdaky ralli-reýdi geçirmäge taýýarlanýar
Saparmyrat Nyýazowyň käbir maşgala agzalarynyň nemes kompaniýasy bilen ilteşigi aýan edilýär
Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar
Aşgabatdaky Fransuz instituty salgysyny üýtgetdi
Türkmenistandaky Fransiýa instituty täze jaýa göçdi