Gazagystan Türkmenistan EYR demir ýol geçelgesine uly ähmiýet berildi

Gazagystan  Türkmenistan  EYR demir ýol geçelgesine uly ähmiýet berildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag-üstaşyr geçelgesine uly ähmiýet berildi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — EYR geçelgesi möhüm ulag-üstaşyr geçelgeleriň biri bolup durýar.Bu ulag geçelgesi dünýä halklary üçin bähbitli, ýagny umumadamzat ähmiýetli giň mümkinçilikleri öz içine alýar.

Aziýa yklymynyň gündogar ýurtlaryndan, şol sanda Hytaý Halk Respublikasyndan demir ýol üsti bilen gaýdýan ýükleriň ýurdumyzdan ulag-üstaşyr geçmek bilen, häzirki wagtda hereket edýän Gazagystan — Türkmenistan — EYR-nyň demir ýolunyň ösen infrastrukturasyndan peýdalanar we Pars aýlagyna çykar.

Munuň özi Çyn-Maçyndan gaýdan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň biziň ýurduň çäklerinden geçip, arap ýurtlaryna baryp ýetendigini tassyklaýan taryhy çeşmeleriň şu günki gün hem döwrebap derejede ösdürilýändigini görkezýär.Bu ugry işjeňleşdirmek meselesine geçirilen mejlisde içgin seredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy
Türkmen-eýran söwdasyny gaýtadan 5,5 milliard dollara ýetirmek maslahatlaşyldy
Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy
Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy