Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe üstaşyr gatnawy ýola goýuldy

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe üstaşyr ýük gatnawy ýola goýuldy. Bu ugurda ilkinji konteýner otlusy Gazagystandan ýola çykyp, Türkmenistandan çäginden geçip Eýrana barypdy. Otly Tähranyň wokzalynda Türkiýe tarapa ugur aldy.

Şeýle üstaşyr ýük gatnawynyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň netijeleriniň biridir.

Ilkinji synag ýük gatnawy 15-nji iýunda Gazagystandan ýola çykypdy. Ýük otlusy Türkiýäniň üstünde Ýewropa ýurtlaryna gidip biler.

Bu halkara otly gatnawynyň uzynlygy 6336 kilometr bolup, onuň 3185 kilometri Gazagystanyň, 700 kilometri Türkmenistanyň, 1517 kilometri Eýranyň we 934 kilometri Türkiýäniň çäginden geçýär.

Bu ugurda yzygiderli gatnawyň ýola goýulmagy bilen Merkezi Aziýa-Türkiýe ulag geçelgesini kontinental logistika goşmak mümkin bolar, bu bolsa öz gezeginde Hytaý bilen Ýewropany birleşdirýän “altyn” köpri bolup hyzmat eder.

Bilermenler täze demir ýol ugry arkaly ýük gatnawynyň Gazagystandan Hazar deňziniň üsti bilen Bakuwa, ol ýerden Baku-Tbilisi-Kars demir ýoly arkaly Türkiýä iberilmeginden çalt we aňsat boljakdygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi
Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň Jemleýji resminamasy BMG-niň resminamasy hökmünde çap edildi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Biziň tebigy gaz serişdelerimiz global bazarlarda uly islegden peýdalanýar "Türkmengaz"