Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti gazagystanlylary ýurduň Respublika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklary örän giň ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklar, gürrüňsiz, bu ýagdaýyň esasy şerti bolup durýar.Siziň bilen geçirýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklarymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti hatynda belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Minerallar diplomatiýasy’. Tramp Merkezi Aziýa liderleri bilen ýokary derejeli sammiti geçirýär
Özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
Ak tamda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy