Serdar Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Astanada Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde sişenbe güni Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.

Kasym-Žomart Tokaýew, Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaş we doganlyk döwletdigini belläp, söwdanyň hem-de beýleki ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösýändigini aýratyn nygtady. Şeýle hem medeni-we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we bar bolan gatnaşyklaryn ähmiýetine kanagatlanma bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin we mähirli garşylanandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmanistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny ýetirdi. Şeýle hem iki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň dost, doganlyk we goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýan giň hyzmatdaşlyk gerimini maslahatlaşdylar. Şeýle hem iki taraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň zerurlygyny nygtadylar we ýokary derejede işjeň gepleşikleriň dowam etdirilmegini ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäginde giňişleýin düzümde ýokary derejeli türkmen-gazak gepleşikleri hem meýilleşdirilýär, onuň netijesinde iki döwletiň arasynda birnäçe ylalaşyklaryň gol çekilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Altyn Bürgüt ordeni bilen sylaglanyldy
Gazagystan Respublikasy bilen resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
Astanada türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa — Italiýa birinji sammitindäki çykyşy