Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady

Gazagystan Türkmenistan we Özbegistan bilen adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak baradaky Ylalaşygy tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisi Gazagystanyň raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak babatynda iki şertnamany ratifisirlemek baradaky kanun taslamalaryny tassyklady. Resminamalar ozal Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleri bilen gol çekilipdi diýip, Kazinform habarlar gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, şertnamalar taraplara howplarda we adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda ilaty herekete taýýarlamak, duýduryş maglumatlaryny alyşmak, adatdan daşary ýagdaýlary ýüze çykarmak we aradan aýyrmak, taraplaryň çäginde adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmakda kömek bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem resminamalarda taraplaryň çäginde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda gyssagly halas ediş bölümleriniň döwlet serhetlerinden geçmeginiň ýönekeýleşdirilmegi, güýçleriň we serişdeleriň getirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISLERINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki Beýannamasy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy