Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy

Şu gün — 15-nji iýulda Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Serdar Berdimuhamedow nobatdaky duşuşygyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary berkitmegiň geljegi barada pikir alyşmaga oňat mümkinçilikdigini belläp, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribeleri paýlaşmagyň, halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky ýygjam, başlangyçly özara hereketler iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Şunda soňky ýyllarda döwletleriň parlamentleriniň palatalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde durnukly parlamentara dialogyň ýola goýlandygy, hünärmenler derejesinde aragatnaşygyň mehanizmleriniň herekete getirilendigi, yzygiderli esasda wekiliýetleriň alyşmalarynyň guralýandygy aýratyn bellenildi.

Türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge mynasyp goşant goşýandygyna kanagatlanma bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň wekilleriniň parlament meýdançalarynda medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny ösdürmek, zenanlardyr ýaşlaryň arasynda özara hereketleri ýola goýmak babatda bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip biljekdiklerine ynam bildirdi. Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşykdan soňra, döwlet Baştutany Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinden Samarkant şäherine ugrady.

Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmany şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen parlamentarileri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
ЗАВЕРШИЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ OLIÝ MAJLISINIŇ SENATYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI