Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.

Şol gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady we hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherine ugrady. Samarkandyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezine tarap ugradylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, uçara mündi we Watanymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen parlamentarileri Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň ilçisi Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy bilen duşuşdy
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde Zenan parlament ýolbaşçylarynyň Sammitine gatnaşdy
ДЕЛЕГАЦИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРИНЯЛА УЧАСТИЕ В 14-ОМ САММИТЕ ЖЕНЩИН-РУКОВОДИТЕЛЕЙ ПАРЛАМЕНТОВ В ТАШКЕНТЕ
“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy