Gazagystanda Garyň Eremegi Sebäpli Emele Gelen Daşgyndan 100 Müňden Gowrak Adam Halas Edildi

Gazagystanda Garyň Eremegi Sebäpli Emele Gelen Daşgyndan 100 Müňden Gowrak Adam Halas Edildi

Sil sebäpli Günbatasr Gazagystan, Atrau, Aktoba, Kostanaý, Pawlodar, Akmola, Garagandy we Ulutau welaýatlarynda ýerli möçberde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýannama görä siliň gelen sebitlerinden ewakuasiýa edilen adamlaryn sany 100 müňden geçdi. 8,500 adam bolsa wagtlaýyn ýaşaýyş ýerlerine ýerleşdi. Suwuň aşagynda galan obalardan 81 müň maýda we iri şahly mal halas edildi.

Ýurtda gije-gündiz dowam edýän ewakuasiýa we sile garşy göreş işlerinde 23 müň gullukçy iş alyp barýar.

Beýleki tarapdan silden zyýan çeken sebitlere 134 tonna ynsanperwer kömegi ýetirilen bolsa, hökümet şol sebitlerde taze öýleriň guruljakdygyny we betbagtçylykda zyýan çekenlere jerime tölemäge başlandyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär
Waşingtony çabga gark etdi
Uralda azaşan pensioner bir hepdeden soň halas edildi
Malaýziýada gurlup ýören myhmanhana ýykyldy
Hytaýly gyz halasgärine durmuşa çykdy
Diňle: Owganystanda bolan ýer sarsgyny Türkmenistanda hem duýuldy