Waşingtony çabga gark etdi

Waşingtony çabga gark etdi

Garaşylmadyk çabga ýagyşlar sebäpli dörän sil joşmalary Amerikanyň Waşington ştatyny gark etdi. Bu barada ABC News habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Habarda ştatyň köp böleginiň çabgadan ejir çekendigi aýdylýar, netijede, suwuň derejesi derýalaryň käbirinde rekord derejä ýetip, ýollary we öýleri suw basypdyr.

Ştatyň paýtagtynyň käbir etraplary-da suwuň astynda galdy.

Halas edijiler suw basan ýollarda galan adamlary halas etmek üçin dikuçardan peýdalanýarlar.

Milli meteorologik gulluk öňdäki dynç günleri ýene-de güýçli çabga garaşylýandygyny habar berdi, ol täze şäherleri we ilatly ýerleri gark edip biler. Ştatyň çägindäki daglarda güýçli gar ýagmagyna garaşylýar.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň demirgazygynda 230 adam sil sebäpli göçürildi
Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi
Azyk harytlarynyň ählumumy importunyň çykdajylary artar
Hindistandaky Dal kölünde ýüzýän öýler ýandy, heläk bolanlar bar
Hawýer Mileý Argentinanyň Prezidentligine saýlandy
Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi