Gazagystanda milli ilat ýazuwy tamamlandy

Gazagystanda milli ilat ýazuwy tamamlandy

Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin hökümet ýygnagyny geçirdi we onuň çäginde tamamlanan milli ilat ýazuwynyň meselelerine garaldy. Bu barada premýer-ministriň metbugat gullugy habar berýär diýip, centralasia.news belleýär.

Statistika baradaky döwlet edarasynyň ýolbaşçysy Nurbolat Aýdapkelow ilat ýazuwy boýunça işleriň tamamlanandygyny aýtdy. Ol gazagystanlylaryň 60%-iniň hut özünden sorag edilendigini habar berdi. Gazagystanda ilkinji gezek adamlar baradaky maglumatlary köpçülikleýin hasaba almak işi sanly tehnologiýalar arkaly geçirildi. Ilatyň galan 40%-i ilat ýazuwyna özbaşdak gatnaşyp, özleri baradaky maglumatlary degişli internet çeşmesinde ýerleşdirdiler.

Ilat barada maglumat ýygnamaga hasaba alyjy işgär hökmünde jemi 25 müň meýletinçi, ýerlerdäki we milli statistikanyň merkezi ştabyndaky bölüm işgärleri gatnaşdy. Ähli barlaglar gutarandan soň deslapky netijeleriň dekabr aýynyň ahyryna çenli jemlenjekdigi mälim edildi.

Hökümet baştutany kyn epidemiologik şertlerde geçen düýpli respublika marafonynyň ýokary derejeli guramaçylygyny belledi. Şu nukdaýnazardan Askar Mamin bu çärä işjeň gatnaşandyklary üçin watandaşlaryna we statistika edarasynyň hünärmenlerine gowy işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýada gan dökülen bir ýyl, wezipäniň nesle geçmek nusgasy we bäsleşiksiz saýlawlar
Gazagystan döwrebap hassahanalaryň gurluşygynda Türkiýäniň tejribesinden peýdalanar
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ŞHG-niň agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ýubileý mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini kabul etdi
Gazagystanyň Premýer-ministri Türkmenistana iş sapary bilen geldi
Türkmen paýtagtynda YHG-nyň XV sammiti geçirilýär