Gazagystandaky suw joşmalarynyň arasynda, bu ýurtdaky türkmenler köpçülikleýin watanyna dolanýar

Gazagystandaky suw joşmalarynyň arasynda, bu ýurtdaky türkmenler köpçülikleýin watanyna dolanýar

Şu günler Türkmenistanyň Gazagystan bilen araçäkleşýän serhedinde ýerleşýän “Garabogaz” gümrük nokadynda adamlaryň uly nobatlary emele geldi.

Muňa Gazagystanda güýçli suw joşmalary dowam edýän mahaly, bu ýurda işlemäge giden türkmenistanlylaryň köpçülikleýin watanyna dolanyp başlamagy sebäp boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Geçen hepdeden bäri Gazagystandan dolanýan raýatlarymyzyň yzy üzülenok.Her gün uzyn nobatlar döreýär.Olaryň her birinden tölegli koronawirus testini alýarys.Raýatlar serhetden geçmek üçin bu testi etdirmeli we 50 dollar tölemeli bolýarlar.

Sebäbi Türkmenistanda üç aýdan köp daşary ýurtda bolan raýatlardan kowid testini almak düzgüni heniz hem saklanyp galýar” diýip, “Garabogaz” gümrük nokadynyň bir işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, türkmen raýatlarynyň köpçülikleýin ýurda dolanmagyna Gazagystanyň birnäçe sebitine güýçli sil suwlarynyň gelmegi sebäp bolýar.

“Häzirki wagtda Türkmenistanyň 10 müňe golaý raýaty Gazagystanyň dürli sebitlerinde zähmet çekýär. Olaryň aglabasy üç aýlyk syýahat wizasyny alyp giden raýatlardyr. Suw joşmalary türkmen raýatlaryna hem täsir edip, olar häzir öýlerine dolanyp başladylar” diýip, gümrük işgäri aýtdy.

Bellesek, soňky iki hepde gowrak wagt bäri Gazagystanyň demirgazyk sebiti güýçli suw joşmalaryndan ejir çekýär. Regionda howanyň birden maýlamagy sebäpli, garlar adatdakysyndan has tiz eräp, suw joşmalarynyň döremegine getirýär.

Gazagystanyň Atyrau, Aktobe, Akmola, Kostanaý we Pawlodar ýaly sebitlerinde müňlerçe ýaşaýyş jaýy sil suwlaryndan zyýan çekdi. Gazak adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri 96 müňe golaý adamyň ewakuasiýa edilendigini we has erbet ýagdaýa garaşylýandygyny aýtdy.

Azatlyk Gazagystandaky suw joşmalarynyň türkmen raýatlaryna ýetiren täsirleri barada Balkanyň häkimiýetlerinden, şol sanda “Garabogaz” gümrük nokadyndan resmi teswir alyp bilmedi.

Ýöne Gazagystanyň suw basan sebitleriniň birinde Aktobede zähmet çeken we golaýda ýurda dolanan bir türkmenbaşyly ýaşaýjy öz başdan geçiren ýagdaýlaryny Azatlygyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Suw üç metre çenli, ýagny öýleriň üçegine çenli basdy. Zordan janymyzy halas etdik. Kostanaý we Aktobe sebitlerinde ýüze golaý raýatymyzyň biometriki pasporty we beýleki resminamalary kireýine ýaşaýan öýlerinde suwuň aşagynda galdy. Olar goňşy ýurtlardaky ilçihanalarymyza ýüz tutup, resminamalaryny dikeltmäge çalyşýarlar, ýöne heniz ýurda dolanyp bilmän kösenýärler” diýip, türkmenbaşyly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şu ýylyň fewral aýynda Balkandaky habarçylarymyz bir we üç aý möhletli syýahatçylyk wizasyny alyp, Gazagystanyň Aktau, Almaty we Žanözen şäherlerine syýahat edýän türkmenleriň göz-görtele köpelendigini habar beripdiler.

Olar muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň sebäp bolýandygyny aýdyp, köp adamyň Gazagystanda bir aýdan üç aýa çenli zähmet çekýändigini we soňra Türkmenistana dolanyp, gazak wizasyny täzeläp, ýene yzyna gidýändigini belläpdiler.

Ýurtdaky ykdysady kynçylyklary we giň ýaýran işsizligi aç-açan boýun almaýan türkmen häkimiýetleri raýatlaryň daşary ýurtlara akymy we olaryň bu ýurtlarda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlary barada hiç hili mesele gozgamaýarlar. Resmi media hem bu barada maglumat bermeýär.

Bu aralykda, 11-12-nji aprelde Türkmenistanyň Köpetdag daglyklarynda we dag eteklerinde, günorta-günbatarynda we 12-13-nji aprelde ýurduň aşa günorta-gündogarynda ýagyş ýagmagyna, käte güýçli ýagyşlara garaşylýar diýip, howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Zora zor diýmeli. Zommer bir oýunda 19 seýw etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mustafa Şentop, 13 Ýurduň Mejlisiniň Başlygyny Gurban Baýramy Bilen Gutlady
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop üç aýry ýurduň mejlisleriniň başlyklary bilen gürrüňdeş boldy
Dünýäniň dört künjeginde Gurban baýramy bellenilip geçilýär