Gazagystanyň birinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň mejlisiň deputaty bolan uly gyzy Dariganyň öňki paýtagtdadygy, Nazarbaýewiň erkek dogany Bulatyň Dubaýa gaçandygy habar berilýär

Gazagystanyň birinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň mejlisiň deputaty bolan uly gyzy Dariganyň öňki paýtagtdadygy, Nazarbaýewiň erkek dogany Bulatyň Dubaýa gaçandygy habar berilýär

Rusýanyň RBK telekanaly we käbir daşary ýurt mediasy Türkmenistanyň duldegşir goňşusy Gazagystanda ýagdaýlaryň kadalaşýandygyny, öňki prezident,Nazarbaýewiň we onuň uly gyzy, milliarder deputat Dariganyň owalky paýtagtdadygyny, elbasyň’ erkek dogany Bulatyň Gyrgyzystan arkaly Dubaýa gaçandygyny habar berýär.

12-nji ýanwarda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew ok geçmeýän awtoulaglaryň we dikuçarlaryň goramagynda Alma Aty bardy. Ol bidüzgünçiliklerde ölen güýç ulanyjylaryň hossarlary we zyýan çekenler bilen duşuşdy.

Gazagystanda 2-nji ýanwarda başlanan protestlerden soňky bidüzgünçiliklerde ýurda ýeten zyýanyň 3 milýard dollara deňdigini daşary ýurt mediasy habar berýär. Emma, bu maglumatlary entek häkimiýetler ýa resmi mediýa ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar.

Şeýlede Gazagystanda dereksiz ýitenler barada sosial ulgamlarda yglanlaryň köpdügini, ýakynlary dereksiz ýiten raýatlaryň 1414 sanly jaň etme ’ merkezlerine telefon etmeginiň maslahat berilýändigini RBK belleýär.

Emma, elbasy’ Nazarbaýewiň hem onuň maşgala agzalarynyň nirededigi bilen ilteşikli Gazak resmileri ýa-da resmi mediýa kelam agyz’ maglumat bermeýärler.

“Azattyq” radiosynyň maglumatyna görä, deputat Dariga Nazarbaýewa Parlamentiň mejlisine gatnaşmaýar.Onuň kömekçisi Dariganyň COVID-19-a ýolugandygyny aýdýar.

Prezident Tokaýew 11-nji ýanwarda eden halka ýüzlenmesinde öňki prezidenti gyýtaklaýyn tankytlap, onuň zamanynda ýurtda halkara derejedäki tüçjarlaryň’ dörändigini we indi halk bilen paýlaşmagyň wagtynyň gelendigini aýdypdy.

Dünýäniň tüçjarlary barada yzygiderli maglumatlar berýän “Forbes” jurnaly öz reýtinginde elbasy’ Nazarbaýewiň ortanjy gyzy Dinara we Timur Kulibaýewlere 5 oruny berip, olaryň 6 milýard çemesi dollarynyň bardygyny mälim edýär diýip RBK telekanaly belleýär.

Ýeri gelende bellesek, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” golaýda beren maglumatlaryna görä, Britaniýanyň gazýeti öňki gazak lideriniň 41 ýaşly kiçi gyzy Aliýanyň 220 milýon funt sterlingini daşary ýurtlara çykarandygyny ýazdy.

Şol bir wagtda,“Azattyg” radiosy Gazagystandaky köpçülikleýin bidüzgünçilikleri we adam pidalaryny Nazarbaýewiň maşgalasynyň ilkinji gezek sosial mediýada kommentirländigini habar berýär.

Nazarbaýewiň kiçi gyzy Aliýa ýüz beren wakalary betbagtçylyk diýip atlandyryp, ölenleriň maşgalasyna gynanjyny bildirýär. ” Goý, bu gazaply sapak biziň taryhymyzda biziň ählimiz üçin ahyrkysy bolsun. Asuda zamanada adamlaryň aradan çykmagy dogry däl” diýip Aliýanyň ýazandygyny “Azattyq” bildirýär.

Şonuň ýaly-da, Vlasti.kz Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) parahatçylyk harby güýçleriniň Gazagystandan çykarylyp başlanandygyny 13-nji ýanwarda ýazdy.

Şeýlede garaşsyz neşir söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Erjan Kazanbaýewiň wezipesinden boşadylandygyny ýazýar.

Vlasti.kz hökümetdäki kadrlar çalyşygy we Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetinden owalky ýolbaşçylarynyň güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşanlykda şübhe bildirilýändikleri’ barada aýdandyklaryny hem habar berýär.

Gazagystanda suwuklandyrylan gazyň nyrhy galandan soňra, 2-nji ýanwarda asuda protestler başlanypdy we ol gysga wagtyň içinde talaňçylyga,hökümet güýçleri bilen birnäçe günläp dowam eden atyşyklara öwrülipdi.

Mundan owal “TH-niň” beren maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow soňky günlerde Gazagystanda bolan betbagtçylykly wakalar netijesinde köpsanly adam pidasy we ýitgileri bilen bagly prezident Kasym-Jomart Tokaýewe we gazak halkyna gynanjyny ýollady diýip TDH döwlet täzelikler gullugy ýazýar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri goňşy ýurtda bolýan wakalary ilkinji günlerde äsgermezçilik edipdi we diňe 6-njy ýanwarda DIM-gi aladasyny beýan edip, emele gelen dawalary Baş kanun-hukuk meýdanynda,halkara kadalara hem kanunçylyga laýyklykda çözmäge gazak halkyny çagyrypdy.

Gazagystanly bilermeniň “Türkmenistanyň Hronikasyna” aýtmagyna görä, adamlar syýasy özgerşikleri isleýärler’.

The post Gazagystanyň birinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň we onuň mejlisiň deputaty bolan uly gyzy Dariganyň öňki paýtagtdadygy, Nazarbaýewiň erkek dogany Bulatyň Dubaýa gaçandygy habar berilýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Krym köprüsi ulaglara ýapyldy
Pikirsoraşma dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň dollara gatnaşygyny görkezdi
Russiýa Federasiýasynda ömrüň dowamlylygy artýar
Türkmenistanyň DIM-gi Owganystan bilen serhede goşun ýollandygy barada garaşsyz neşirleriň maglumatlaryny inkär edýär
TDIM-niň Metbugat gullugy türkmen-owgan serhedi bilen bagly berilýän habarlary ret etdi
Türkmenistanyň DIM-i türkmen-owgan serhedindäki ýagdaýlar barada ýaýradylýan maglumatlary ret edýär