Pyrtykal şiresini mandarinden ýasamagy teklip edýärler

Pyrtykal şiresini mandarinden ýasamagy teklip edýärler

Pyrtykal şiresini öndürijiler ony mandarinden taýýarlamak mümkinçiligine garaýarlar, muňa Braziliýada we ABŞ-da pyrtykal hasylsyzlygy sebäp boldy.

ABŞ-nyň Florida ştatyndaky pyrtykal meýdanlary güýçli sowuk howadan ejir çekdi. Dünýäde iň köp pyrtykal goýaltmasyny öndüriji bolan Braziliýada çig malyň önümçiligi guraklyk we sary aždarhanyň keseli sebäpli çärýek azaldy diýip, RBK portaly ýazýar.

Bu krizis. Biz güýçli aýazlar we harasatlar wagtynda-da şeýle ýagdaýa duçar bolmandyk diýip, Miwe we gök-bakja şirelerini öndürijileriň halkara assosiasiýasynyň prezidenti Kis Klus beýanat berdi.

Onuň pikiriçe, pyrtykal şiresini öndürmek üçin dürli miweleri ulanmagyň wagty geldi. Mysal üçin, munda howa şertlerine durnukly bolan mandarin hasylyndan peýdalansa bolar. Munuň üçin assosiasiýa halkara iýmit standartlaryna, soňra bolsa milli derejede hukuk resminamalaryna üýtgetmeleri girizmegi meýilleşdirýär diýip, The Financial Times gazeti ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi
Ilon Mask Tesla-daky paýnamalarynyň bir bölegini satdy
“Unilever” kompaniýasy çaý telekeçiligini satdy
YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar
Beýik Britaniýanyň maýa goýum gaznasy Unilever kompaniýasynyň Lipton we Brooke Bond markalaryny satyn alýar
The Financial Times hem Ilon Masky Ýylyň adamy diýip yglan etdi