The Financial Times hem Ilon Masky Ýylyň adamy diýip yglan etdi

The Financial Times hem Ilon Masky Ýylyň adamy diýip yglan etdi

ABŞ-ly milliarder, Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask britan işewür toparlarynyň neşiri bolan The Financial Times tarapyndan hem 2021-nji ýylyň Ýylyň adamy diýlip yglan edildi. Bu barada gazetiň internet saýtyna salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

Redaktorlar şu onýyllygyň dowamynda Maskyň elektrik ulaglar üçin bazar döredendigini, şeýle hem awtobazaryň öňdebaryjylaryna ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşine has işjeň maýa goýmaklaryna ýardam edendigini aýdyp, öz saýlawynyň sebäplerini düşündirdiler.

Neşiriň ýazmagyna görä, işewür ählumumy awtomobil senagatyny düýpgöter üýtgetdi.The Financial Times-da Ilon Maskyň geljekki hereketleriniň ýurtlaryň hökümetleri, maýadarlar hem-de klimat üçin aýratyn täsirini ýetirjekdigine ynanýarlar.

Neşiriň redaktorlary şeýle-de milliarderiň kosmiki ulgamda, internetde kriptowalýutany ilerletmekde we Twitteriň mikrobloglarynda örän işjeň hereketlerini göz öňünde tutdular.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, şu hepdäniň dowamynda meşhur amerikan neşiri Time hem Ilon Masky Ýylyň adamy diýip yglan etdi. Neşiriň redaktorlary işewüriň howanyň üýtgemegi, emeli aňy ösdürmek hem-de kriptowalýutany ulanmak boýunça gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler.

Ýene degişli makalalar

“Financial Times” gazeti “ýylyň adamyny” mälim etdi
ABŞ BAE-de rus we ukrain resmileri bilen gizlin gepleşikler geçirýär
Baidu kompaniýasy 2025-nji ýylda akylly äýnekleri satuwa çykarmakçy
Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär
74 gatly ofis diňi gurlar
Donald Tramp ýene-de ýylyň adamy saýlandy
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi