Gazagystanyň ilaty 20, 243, 981 adama ýetdi

Gazagystanyň ilaty 2024-nji ýylyň 1-nji noýabrynda 210 müň 139 adam artyp, 20 million 243 müň 981 adama ýetdi.Muňa Milli statistika gullugynyň maglumatlary güwä geçýär.Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, Respublikanyň şäher ilaty 12,727,404 adama, oba ilaty 7,516,577 adama deň. Şeýle hem býuro Respublikada 10,353,239 zenan we 9,890,742 erkek kişiniň ýaşaýandygyny habar berdi. 10 aýyň dowamynda ýurtda 309,310 çaga dünýä indi we ölenleriň sany 110,867-ä deň boldy.

Ilatyň tebigy ösüşi 198,443 adama ýetdi.Migrasiýa balansy hem oňyn boldy: 10 aýyň dowamynda 22 955 adam Gazagystana geldi, 11,259 adam ýurduň daşyna gitdi. “2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Gazagystana gelenleriň sany 1618 adam artdy we gidýänleriň sany 2548 adam azaldy” diýip, Milli statistika býurosynda bellediler. Ýurduň iň gür ilatly şäherleriniň we sebitleriniň arasynda Almaty öňdeligi eýeläp, şäheriň ilaty 2,280,296 adama deňdigi habar berilýär. /* custom css */ .td_uid_15_67543af790a4a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67543af790a4a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Erdogan: Hazardan geçýän Gündogar-Günbatar koridorynyň ähmiýeti gün saýyn artýar
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň okuw merkeziniň wekiliýeti Almatyda geçirilen maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi