Türkmenistanyň wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen okuw maslahatyna gatnaşdy

26-28-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň serhet we gümrük gulluklarynyň okuw edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Çäre, Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň çäginde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirildi.

Duşuşygyň maksady okatmagyň innowasion usullary bilen paýlaşmak, okuw işine emeli aň ýaly täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy.Merkezi Aziýa döwletleriniň serhetçileri we gümrükçileri hem-de Ýewropadan bilermenler okatmagyň öňdebaryjy tejribeleri bilen paýlaşdylar we işgärleri taýýarlamakda innowasion çözgütleri ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada söhbetdeşlik etdiler.

Duşuşykda okatmakda emeli aňyň ulanylyşy, işgärleriň ruhy taýýarlygy we ugurda geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň netijesi boýunça, 2025-nji ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Çeşme: customs.gov.tm /* custom css */ .td_uid_15_674ef4fb6383d_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674ef4fb6383d_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmen küştçüsi mekdep okuwçylaryň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Daragt atly türkmen filmi Ýewraziýa kinofestiwalynyň maksatnamasyna girizildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen çeper filmleri Ýewraziýa halkara film festiwalynda görkeziler
"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi