Gazagystanyň ilçisiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy geçirildi

25-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistana täze belLenen Ilçisi Askar Tažibaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow Gazagystanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik wezipesinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň 2021-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şeýle-de şu ýyl Türkmenistanda VI Hazar Sammitiniň geçirilmegi bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.

Abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, şonuň ýaly-da halkara ähmiýetli başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň formatynda ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, Ilçi Askar Tažibaýew Türkmenistanyň Daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy hem-de özüniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesini amala aşyrýan döwründe türkmen-gazagystan gatnaşyklarynyň has hem giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti gazak kärdeşine Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag iberdi
Awtoritar ýolbaşçylar we olaryň baý köşkleri
Tokaýew Myhmanhanada Bolan Ýangyna Gynanç Bildirdi