Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtap, ýakynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi. /* custom css */ .td_uid_15_676018843295a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_676018843295a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Gazak resmisiniň wiza meselesi boýunça türkmen tarapynyň jogabyna garaşmagy synçylary 'geň galdyrdy'
Liderler Prezident Erdogany Doglan Güni Bilen Gutalaýar
Synçy: Berdimuhamedowyň MA saparlary sebitde türk täsirine garşylygyň döreýän pursatyna gabat gelýär
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Tokaýew Myhmanhanada Bolan Ýangyna Gynanç Bildirdi
Türkmenistan dünýäde we sebitde öz tebigy gaz serişdeleriniň hyrydarynyň köpdügini aýdýar
Gazagystanyň Prezidenti, Russiýa-Ukraina Dartgynlygy Sebäpli Çäre Görülmegi Üçin Görkezme Berdi