
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew anna güni Türkmenistanyň Hökümeti bilen umumy döwlet serhediniň tertibi barada ylalaşygy tassyklamak baradaky Kanuna gol çekdi diýip, Akorda metbugat gullugy habar berýär.
Habarda Döwlet Baştutany Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistan Hökümetiniň arasyndaky Gazagystan — Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky ylalaşygy tassyklamak barada Gazagystan Respublikasynyň Kanunyna gol çekdi diýilýär.
Gazagystanyň we Türkmenistanyň arasynda gazak-türkmen döwlet serhedini bellemek we Hazar deňzinde balykçylyk zolaklarynyň ýanaşyk ýerlerini kesgitlemek boýunça ylalaşyk 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Aşgabatda baglaşyldy.
Türkmenistan ylalaşygy 2022-nji ýylyň 19-njy aprelinde tassyklady.
Ylalaşykda Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, Kanunyň kadalary döwlet serhedini goramak, ondan geçmek, harytlary we beýleki emläkleri daşamak tertibini kesgitleýär.
Şeýle hem resminama döwlet serhedinde, serhet zolaklarynda we suw meýdançalarynda söwda, balyk tutmak ýa-da beýleki işler bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar.
Şol bir wagtyň özünde serhetde ýüze çykyp biljek wakalary kanuny nukdaýnazardan çözmegiň ýollary ýönekeýleşdirildi.
Türkmenistan — Gazagystan döwlet serhediniň umumy uzynlygy takmynan 458,3 km deňdir.