Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar

Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar

Fewral aýynyň ahyryna çenli Gazagystanyň Türkmenistan we Özbegistan bilen serhetlerinde elektron nobat ulgamy ornaşdyrylar. Munuň özi ýük ulaglary bilen serhetden geçmegi çaltlaşdyrar diýip, Kazinform Gazagystanyň Döwlet girdeji komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Habarda elektron nobat ulgamynyň Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetdäki Temir-Baba (Mangistau sebiti) barlag-goýberiş nokadynda işe giriziljekdigi bellenilýär. Şeýle hem Gazagystanyň döwlet serhedindäki ýene üç barlag nokadynda — Özbegistan bilen serhetdäki Tažen barlag-goýberiş nokadynda, Hytaý bilen serhetdäki Bahty (Abaý sebiti) we Maýkapçagaý (Gazagystanyň Gündogar sebiti) barlag nokatlarynda elektron nobat ulgamynyň ornaşdyryljakdygy aýdylýar.

Ulgamda, takmynan, 7,5 müň ulanyjynyň hasaba alnandygy we olaryň 84 müň nobat bronlamak amallaryny amala aşyrandyklary habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar
Gazagystan Türkmenistanyň üsti bilen ýük daşamalary artdyrar
Türkmenistanda Diplomatik işgärleriniň güni bellenilýär, Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Owerçugy kabul etdi, Ahal welaýatynda iki orta hünär okuw mekdebi peýda bolar we beýleki habarlar
Gazagystan Türkmenistan bilen serhedindäki barlag nokadyna elektron nobat ulgamyny girizmekçi
Gazagystan gazak-türkmen serhediniň çäginde dynç alynýan ýerleri bolan pyýada ýollary gurar
Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar