Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar

Türkmenistanyň raýatlarynyň MGIMO girmek baradaky arzalarynyň kabul edişligi açyldy, Türkmenistan Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1.Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Janni Infantino iş sapary bilen Türkmenistan geldi.Bir günlük saparyň dowamynda FIFA-nyň prezidenti ýurduň we milli futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.

Mundan başga-da, Infantino Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde meşhur Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna tomaşa etdi. Şeýle hem FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanda Halkara futbol federasiýasynyň Okuw-usulyýet merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

2. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklar institutyna okuwa girmek üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalarynyň kabul edişligi açyldy. Hasaba alyş işleri rus dilindäki bakalawr maksatnamalary üçin elýeterlidir. MGIMO okuwa girmek, fakultetler we okuw ugurlary baradaky maglumatlary bilen rusbac.mgimo.ru saýtynda tanşyp bilersiňiz.

3. KAMAZ Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen ITTC forumynyň çäklerinde guralan sergide hususy önümçiligine degişli elektrobusy tanyşdyrdy. 2023-nji ýylyň başynda KAMAZ AGPJ-niň baş direktory Sergeý Kogogin kärhananyň Türkmenistanyň howa şertlerinde synag geçirmek üçin iki sany elektrobus we tiz zarýad beriş stansiýasyny ýerländigini habar berdi. Iri awtoöndüriji kärhananyň wekili Aşgabatdaky sergide tehnikalaryň synagynyň dowam edýändigini belledi.

4. Gazagystan Mangistau oblastynyň Türkmenistan hem-de Özbegistan bilen serhedindäki goýberiş nokatlaryny döwrebaplaşdyrýar. Türkmenistan bilen serhetdäki Temir-Baba hem-de Özbegistan bilen serhetdäki Tažen goýberiş nokatlaryny abatlamak we enjamlaşdyrmak meýilleşdirilýär. Döwrebaplaşdyrmak işleri goýberiş nokatlarynyň geçirijilik ukybyny we degişlilikde, haryt dolanyşygyny, täze aragatnaşyk we maglumat geçiriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini artdyrar.

5. Türkmenistan awiakompaniýasy Gündogar Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna ýolagçy howa gatnawlaryny açyp biler. Bu barada Türkmenhowaýollary agentliginiň başlygy Aşgabatda geçirilen halkara ulag- üstaşyr forumynda eden çykyşynda belläp geçdi. Geljekde Seul, Tokio, Milan, Jidda, Hoşimin we Hanoi şäherlerine Aşgabatdan göni howa gatnawlary elýeterli bolup biler.

Dünýäde

6.Hususy özbek awiakompaniýasy Qanot Sharq Daşkent Tel Awiw Samarkand (Özbegistan) ugurlary boýunça syýahatçylyk ýolagçy uçuşlarynyň meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi.Awiakompaniýa bu ugur boýunça howa gatnawlaryny hepdede iki gezek duşenbe we çarşenbe günleri amala aşyrmagy meýilleşdirýär. 1998-nji ýylda döredilen Qanot Sharq Özbegistandaky ilkinji hususy awiakompaniýadyr.

Awiakompaniýa ýük we ýolagçy gatnawlaryna ýöriteleşendir.Häzirki wagtda awikompaniýanyň howa floty dört sany Airbus uçaryndan ybarat.

7.Pars aýlagynyň ýurtlary Şengen zolagyna meňzeş bitewi wiza zolagyny döretmek mümkinçiligini göz öňünde tutýarlar.Bahreýn, BAE we Saud Arabystanynyň wekilleri Dubaýyň halkara syýahatçylyk sergisinde şeýle başlangyjy ara alyp maslahatlaşdylar.

Pars aýlagynyň ýurtlary boýunça syýahat etmegiň elýeterli bolmagy syýahatçylyk pudagynyň ösüşine oňyn täsir eder, syýahatçy bolsa serhetden geçende çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolmaz diýip, Saud Arabystanyň Syýahatçylyk boýunça müdirliginiň müdiri Fahd Hamidaddin belläp geçdi.

Sport habarlary

8. Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynyň 33-nji tapgyrynda Napoli myhmançylykda Udinese bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnady we 1990-njy ýyldan bäri ilkinji gezek ýaryşda möhletinden öň ýeňiji boldy. Napoliniň baş tälimçisi 64 ýaşly hünärmen Luçano Spallettidir. Neapolly topar soňky gezek düzüminde argentinaly Diego Maradona oýnanda Italiýanyň çempiony bolupdy.

9.Türkmenistan milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Ispaniýanyň Wilýarreal toparynda dört günlük hünär kämilleşdiriş tejribesini tamamlady.Türkmen toparynyň tälimçisi Ispaniýada türgenleşik işini guramagyň öňdebaryjy tejribesini öwrendi.

Orazowyň bellemegine görä, häzirki tejribe goşmaça bilim almak üçin mümkinçilik açdy we täze sepgitlere ýetmekde möhüm ädim boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 9 21-nji iýun aralygynda Bişkekde we Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň ýaryşyna gatnaşar.

10.Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Wladimir Baýramow Kazanda toparyň 65 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen futbol ýaryşynda Rubiniň ady rowaýata öwrülen oýunçylarynyň düzüminde oýnady.Wladimir Baýramow meşhur hüjümçi, ol Rubiniň düzüminde 83 oýna gatnaşyp, 15 pökgi bilen tapawutlanandyr.

Baýramow Aşgabatda doguldy we bu ýerde 39-njy orta mekdebi tamamlady.Baýramow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 35 oýna gatnaşyp, 16 pökgi geçirmegi başardy. 2013-nji ýylda oýunçy hökmünde professional karýerasyny tamamlap, Baýramow soňlugy bilen Wahitowskiý raýonyndaky Kazan ýaşlar mekdebinde tälim berip başlady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygyna badalga berildi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Abu-Dabi ugry boýunça uçuşlary amala aşyrar, Aşgabatda gazak şahyrynyň ýadygärligi peýda bolar we beýleki habarlar
Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Internet trafigi Gazagystan arkaly Türkmenistana gider
Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
“Miras” žurnaly halkymyzyň taryhy-medeni geçmişi barada
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaýdan rüstem gelen Altyn asyr ilkinji ýeňşini gazandy