Gazana gaçan hekaýalar

Şular aýakgabyny ýygnamagy haçan öwrenerkäler? Gapydan gireňden, köwüş bary aýagyň aşagynda. Aňyrdan ýadap gelýäň, büdräbem ýykyljak adam pahyr. Muny dagy, gaňrylan aýakdan gaçyp galan ýaly, ýanyn düňderilip ýatyr. Muňa sered-ä, ýöräp barşyna çykarylyp gidilen paşmak, bir taýy poluň üstünde, biri halyň.

– Elimdäki goşy bir alaweriň! Kartoşkany aşhana eltiň, çöregi stoluň üstünde goýuň! Köwüşleri jüpläp-jüpläp aýakgap tekjäň üstüne galdyryň!

Öýde bar zatlardan garbak-gurbak edinibermän, açja oturandyrlar gözlerini garaldyp, ýoluňa bakyp.

– Duruň, eşigimi bir çalşyraýyn! Soň üçüňizem diňlejek bir-birden. Ýöne, gezekli-gezegine gepläň! Özem nirä ýöresem yzyma düşüp gepläberiň. Meniň sizi oturyp diňlemäge wagtym ýok. Nahar atarmaly.

Wah, sadagasy bolaýyn, içi çüýrük eken-ä bu kartoşkaň.Iki bölseň, ortasy porruk, garalyp ýatyr.Artjak diýip, ýonup-ýonup ýogatdym. Üçüsi ýeter diýipdim, dördüsini artmasam boljak däl.

Näme bişirsemkäm? Şuny günde biri aýdyp otursad-a.Kyn görjek däl, bişirjek. Ýa naharsanaw ýazyp, sowadyjynyň ýüzüne ýelmäp goýmalymy?!Hem tiz bişmeli, hem teýlije bolmaly, ysam, görnüşem işdä açmaly.

Nirde barmyş onuň ýaly hezillik!Irden bişirilen nahary agşam iýjek dälmişler, agşam bişirilen naharam irden gyzdyrsaň, ýüzlerini kürşerdişip otyrlar.Murtunam degrenoklar.Restoranyň müşderilerine hyzmat edýän ýaly boldum-a üç wagtyna üç dürli nahar bişirip.

– Eje seni goňşy çagyrýa!

Muňam ters wagty gelşini. Elimem hap-a.

– Uly gazany soraýar. Berip goýberiň!

Öýüne myhman-syhman geljekdir-dä. Hojalygyna öz adyna birje gazan edinip goýaýmalyd-a. Iliň zady bilen zatly bolup bolýamy.

– Täzeden aýt ýaňky ýerini.Mugallym näme diýdi diýdiň?Hä?Dogry aýdypdyr.Bäşlik aljak bolsaň okamaly!Okamany aljak bolýaňyz gowy bahany.Kakaňa ýatlat.

Pyçaklary çarha tutsun.Pomidoram kesenog-a bu haýran. Şol syhap durmaly.Sen aýdyber.Men diňläp durun.Ajygýan bolsaň, nahar bişýänçä çörege mesge çalyp iý.Gaýnap, biraz tagamyna gelsin-ä bi.

Howlukdyryp durmaň!Toba, biz çagakak, sähel zat bilen garnymyz doýardy. Çöregiň daşyna ýaşyl sogan orap iýerdik.Bal ýalydy.Mes bolýaňyz.

Gündeliklerini barlamadygyma-da iki hepde dagy bolandyr. Sähel gowşasaň, bularam özüňden beter gowşajak bolup durlar. Häziriň özünde üçüsiniňkinem barlamaly.

– Hany, gündelikleriňizi taýýarlaň! Barlap, gol çekjek. Bahalaryňyz peselen däldir-le?! Nebela şakyrdadyp açýaň? Ýyrtýaň-a muny. Päpkäňem Böwen çişik ýaly. Agramyna eltutary gopjak. Bolmasa, birki kitabyňy çykaryp, pakede salyp git. Hä? How! Düýnki beren pulum gutardymy? Nämä sowduň?

Arty:p, duz atdymmy şuňa, ýa atmadymmy? Çorba aş atsammyka-am, merjimek? Tapawudy näme?! Ikisem tiz bişýä. Manty-böregi dynç güni ederin-dä. Ýogsam, işden gelip, kyn nahar etjek bolsaň, gije on ikide iýäýmeseň. Al onda, merjimek atdym men-ä.

– Hany eliňizi ýuwup, geçiň stoluň başyna. Gyzym jan, çemçe elt. Kakaňyzam çagyryň! Dur, dur, howlukma! Agzyň bişäýmesin!

Şu kiçilere öňünden salyp, sowadyp goýaýmasaň, habyr-hubur ediberýäler. Ana aýdyşym ýaly-da. Agzyny ýakdy, indem lägirip başlar. Edeniň bar bol-a. Menem şulaňkyny öňünden salyp goýaýmaly welin, edäýemokd-a.

– Goý, goý, zyýany ýok. Üfläpjik iýmeli, tokarjam. Şakäsäňdäki naharyň hemmesem seňki. Dawa etjek ýok. Çaýy kim guýdy şu wagt? Senmi? Beýdip pülpüldetmek nämä gerek? Azrak guýuber ahyry. Onsoňam çaý nahardan soň içilýär. Özem käsäňi süýşür ortarak. Ýogsam, aýagyňa guýýaň gyzgyn çaýy. Boşatdyňmy, guýup bereýinmi ýene? Azajyk?

Muňa dagy seret, şöhlat-çörek getirýä. Şu wagtjyk nahar iýdi.

– Eliňi kesäýme! Getir bäri pyçagy özüm kesip bereýin. Ýatar garna agyr zady azrak iý. Bal ýaly nahar iýdiň, bu nämä gerek!

Bulaň garnynyň doýýan wagty bir barmyka? Aý, iýsinler, iýäýjek wagtlary. Janlary sag bolsa bolýa.

– Tabaklar boşadymy, hany onda omyn edeliň! Her kim öz şakäsesini aşhana eltmeli. Haýt, döwäýme! Gaýym tut!

Dyrnak ýalyjak bolup, bulam iş etjekden. Düz ýoldan bir dogry ýöre diýsene. Haý seniň bir, patdyk-putdyk edip! Iller gap ýuwýan maşyn ulanýa. Gowy ýuwýamyş-da, içine salynýan ýuwujy serişdesi gymmatmyş. Bu-uw, atamyň bahasyny aýtdylar! Ondan elde ýuwup goýberende nä? Kyn däl-ä. Suw şaglap dur.

– Haý, dükürdiňiz näme? Kim bilen kim uruşýa? Näme paýlaşyp bileňzok? Kakasy, özüň aralaşdyryp goýbereweri!

Telewizora seredip oturandyr, ýa hatyny ýazýandyr, çagalara ünsem berýän däldir.

– Kakasy, seredeweri! Ýanlaryndamyň özüň? Haýsy jaýda sen?

Birgiden şakäse. Hemişeler nahary hemmä deňlik edip, bir uly tabaga salardylar. Beýdip bölüp-büçüp, maýda-çüýde tabaklaşyp oturmazdylar. Bularyň ýumruk ýalyjagyna çenli aýratyn salmaly. Iýjegi bir çemçe nahar welin, öz adyna bir tabagy çyr-çyrşak edýär. Ýuwa-ýuwa iliň garrap gidýär gyzgyn suwuň aşagynda.

– Öý işler edildimi?Eşidýäňizmi, öý işleriňizi etdiňizmi?Kimiňki edilmedi?Seňkimi?Nämüçin?Kyn bolsa, soramaly ekeniň uludan!Ondan bahana bolmaz.Otur-da, et.

Birsalymdan barlajak.Sen nämä geldiň? Ýap sowadyjyň gapysyny!Näme gözleýäň?Alma?Alma stoluň üstünde, ýuwulgyja dur.Dişläp iýme, pyçak bilen kesip iý! Ýarysyny iýip, ýarysyny iýmän, zaýalap goýýaňyz.

Kakaňa kesip ber diý. Ýatdy?Garaş onda, häzir özüm kesip berýän.Ak köýnegiň hapalandymy?Häliden bäri aýtmaly ekeniň-dä ýuwup ber diýip.Indi gurap ýetişmez.

Ertir ýatlat, ýuwup bereýin.

Şu gün hepdäň näçenji güni? Bäşinjimi ýa altynjy? Bäşinji! Onda, ýene bir gün işlesek, dynç bolýar. Şu dynç güni öýi gowy edip tämizlemeli. Ýaňky merjimejik bilen bulaň garnam doýýan däldir. Boş günüm teýlije bir zatlar bilen köke-söke-de bişirmäň ugruna çykmaly. Onda bazardanam-a odur-budur almaly boljak.

Ýaman dym-dyrslyk boldy-la. Çagalar ýataýdymy?! Uklanda geplemeýänlerine-de şükür. Baý-bo-ow! Bular-a serrelişip ga:lypdyr. Ýeke-ýekeden düşeklerine daşabermeli. Ýöne kakalaryny nädip geçirjek?

Häli işdekäm kellämde hekaýa taslapdym. Öýe baryp ýazaryn diýipdim. Sagat eýýäm on iki bolupdyr! O nämäň hekasy? Ýat!

Orazgül GURBANOWA.

Ýene degişli makalalar

Ylmyusuly maslahat
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
04.08.2019 | Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady
Teatr sungatynda zehinli ýaş režissýor peýda boldy