Lebap welaýatynda gaz senagatynyň ösdürilmegine gönükdirilen işler üstünlikli dowam edýär.Lebapgazçykaryş müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň ulaglar parky soňky günlerde täze tehnikalar bilen baýlaşdyrylýar.Kärhana ulanmaga berlen 11 sany döwrebap Dong Feng EQ 6820 ZT kysymly awtobuslaryň işe girizilmegi önümçilik ýerlerine gatnawy has-da kämilleşdirdi. Şeýlelikde, kärhananyň garamagyndaky ýolagçy awtobuslarynyň umumy sany 27-ä ýetip, olaryň ählisi zähmet meýdançalaryna we gaz känlerine işçi gatnawyny bökdençsiz üpjün edýär.
Täze awtobuslaryň her biri 22 ýolagça niýetlenip, sähralyklarda we geçmesi kyn bolan ýerlerde ýokary mümkinçiligi bilen tapawutlanýar.Ulaglaryň bäş ugur boýunça hyzmat etmegi bilen, demirgazyk Balguýudaky Kerpiçli känine, Kükürtli gaz känlerine, Bagaja hem-de Malaý gaz känlerine gatnaw doly ýola goýuldy.
Mundan başga-da, Naýyp, Gazlydepe, Böwrüdeşik, Balguýy we Kerpiçli ýaly möhüm önümçilik nokatlarynda zähmet çekýän işgärler üçin amatly we howpsuz gatnaw şertleri döredildi.Bu bolsa işgärleriň wagtyny tygşytlap, olaryň işjeňligini we zähmet netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu barda “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.