Gazprom 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy

Gazprom 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy

Russiýanyň iri gaz kompaniýasy bolan Gazprom açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti geçen ýyl Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda habar berdi.

Resmi rus internet neşirlerinde bellenilişi ýaly, Türkmengaz döwlet konserni we Gazprom 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda bäş ýyl möhlete, ýagny 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnama gol çekdiler.

Geçen ýylyň dekabrynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin metbugat ýygnagynda 2021-nji ýylda Gazpromyň Türkmenistanda satyn alan gazynyň mukdarynyň iki esse artyp, takmynan, 10 milliard kub metre ýetjekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, diplomat 2022-nji ýylda üpjünçiligiň mukdarynyň taraplaryň arasyndaky goşmaça gepleşikleriň dowamynda kesgitlenjekdigini belledi.

Häzirki hereket edýän şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazyny satyn almak we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda giňeltmek meselesi awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gazprom açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn aldy
Russiýanyň ilçisi: Täze Prezident Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna üýtgeşmeleri girizmez
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary tamamlandy, 97,12 göterim saýlawçy ses berlişige gatnaşdy
Türkmenistanda COVID-a garşy buster’ sanjymlary urulýar, uly nobatlar alym-berime ýol açýar
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen kärdeşlerini Diplomatik işgärleriň güni bilen gutlady
Russiýa Türkmenistana 800 müň döz “Sputnik Laýt” ýollady, olaryň 300 müňi muzdsyz
Aşgabatda 65 ýaşdan ululylara täzeden sanjym edilýär