Gazpromyň başlygy Miller Tährana bardy

Gazpromyň başlygy Miller Tährana bardy

Russiýanyň Gazprom döwlet edarasynyň başlygy Alekseý Miller düýn, 28-nji fewralda Tährana bardy diýip, Tasnim News Agency habarlar gullugyna salgylanýan TASS habar berdi.

Habarda Milleriň EYR-niň Nebit ministrliginiň ýolbaşçysy Jawed Ouji ýa-da onuň orunbasarlarynyň biri bilen duşuşjakdygy aýdylýar.

Milleriň saparynyň esasy maksadynyň Gazpromyň Eýranyň nebitgaz pudagy bilen hyzmatdaşlygynyň Ýol kartasyny düzmekden ybaratdygy habarda bellenýär.

Öň Alekseý Miller rus gazynyň Aziýanyň bazarynda uly geljeginiň bardygyny gürrüň beripdi. Häzirki wagtda onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy Hytaýa Sibiriň güýji turbageçirijisi arkaly tebigy gaz eltýär. Gazgeçiriji boýunça akdyrylan gazyň mukdary geçen 2022-nji ýylda 15,4 milliard kubmetre deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Eýranda ýer titreme boldy
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder
Raisi: Eýranyň howpsuzlygy we abraýy halkyň berk durmagyna bagly
Ýewropada korona wirusynyň täze tolkununyň başlanmagy barada duýduryş
Eýranda dowam edýän protestlerde ýaragly çaknyşyklar boldy
Eýranda terror jenaýaty bilen aýyplanýan 2 adama ölüm jezasy berildi